Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

HRW Eýranyň bosgunlykdaky owgan çagalaryny Siriýadaky urşa iberýändigini aýdýar


Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasynyň komandirleri Mohammad Pakpour we Mohammad Taghi Osanlou Eýranda bir operasiýa mahalynda.

“Human Rights Watch” guramasy Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasynyň Eýranda ýaşaýan owgan migrant çagalaryny nökerlige çekip, Siriýadaky konfliktde söweşdirýändigini aýdýar.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän hukuk guramasy 1-nji oktýabrda “Fatemiýun” diwiziýasynda söweşen owgan çagalary barada hasabat çap etdi. Bu diwiziýa diňe owgan ýaragly toparlaryndan düzülen bolup, Eýranyň goldaw bermeginde Siriýadaky konfliktde hökümet güýçleriniň gapdalynda söweş alyp bardy we onuň hatarynda 14 ýaşly çagalar hem bar diýip, hasabatda aýdylýar.

“Eýran çagalardan nöker toplamagyny derhal bes etmeli we Siriýa iberen owgan çagalaryny haýal etmän yzyna dolap getirmeli” diýip, “Human Rights Watch” guramasynyň Ýakyn Gündogar bölüminiň direktory Sarah Leah Whitsonyň beýanatynda aýdylýar.

“Human Rights Watch” Eýranyň gonamçylyklaryndaky mazar daşlarynda goýlan fotosuratlary synlamak netijesinde görnetin Siriýada söwşip, şol ýerde hem ölen diýip bilinýän owgan çagalarynyň sekiz sanysynyň kesgitlenendigini aýdýar.

Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasynyň maglumatyna görä, mysal üçin, Siriýada söweş wagtynda öldürilen owgan çaga esgerleriniň azyndan altysynyň ölümi barada eýran metbugatynda habar berlipdir.

Hukuk topary mazar daşlarynyň käbirinde merhumyň ýaşynyň ýoýlup görkezilmeginden çen tutulsa, Eýranda çagalary Siriýadaky urşa ibermek üçin toplamagyň has giň ýaýrandygyny görse bolýar diýýär.

“Eýranyň häkimiýetleri goragsyz bosgun we emigrant çagalary awlaman, eýsem ähli çagany goramaly we owgan çagalaryny nökerlige çekýän adamlary jogapkärçilige çekmeli” diýip, Whitson aýtdy.

Içeri işler ministrligi 2015-nji ýylda, hasaplamalara görä, Eýranda 2.5 million owganyň ýaşaýandygyny we olaryň köpüsiniň düzüw dokumentiniň ýokdugyny aýtdy.

“Human Rights Watch” guramasy mundan öň Eýranda ýaşaýan we öz maşgalalaryna kanuny oturym durumyny almak umydy bilen Siriýada söweşmäge meýletinlik bildiren owganlary dokumentleşdiripdi

“Fatemiýum” diwiziýasynyň möçberi barada resmi statistiki maglumatlar jemgyýetçilige aýan edilmeýär, emma “Tasnim” habar gullugynyň maglumatyna görä, Eýranyň Yslamçy rewolýusiýa gwardiýasy bilen baglanyşykly harby birikmäniň 14 müň çemesi söweşijisi bar.

Halkara kanunçylygy esasynda duşmançylykly hereketlere aktiw gatnaşdyrmak üçin 15 ýaşdan aşakdaky çagalary nökerlige çekmek uruş jenaýaty hasaplanýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG