Sepleriň elýeterliligi

Saakaşwili goldawçylaryny Kiýewde oktýabr ýygnanyşygyna çagyrýar


Mihail Saakaşwili Odessada çykyp gürleýär, 30-njy sentýabr, 2017 ý.

Gürjüstanyň ozalky prezidenti we Odessanyň öňki gubernatory Mihail Saakaşwili goldawçylaryny 17-nji oktýabrda Kiýewde “arwahy ýeňmek” ýygnanyşygyna çagyrdy.

Saakaşwili bu çagyryşy 30-njy sentýabrda Gara deňiz boýundaky port şäher Odessada etdi. Ol bu şähere 2016-njy ýylyň noýabrynda gubernatorlykdan işden çekilenden soň ilkinji gezek dolanyp geldi.

Ol goldawçylarynyň kiçiräk üýşmeleňine ýüzlenip, Kiýew demonstrasiýasynyň korrupsiýa garşy sudlaryň döredilmegine, parlament eldegrilmesizliginiň ýatyrylmagyna,ýurduň saýlaw kanunçylygynyň üýtgedilmegine çagyryş boljakdygyny aýtdy.

Saakaşwili 2015-nji ýylda, ukrain raýatlygyny we Odessanyň gubernatorlygyny kabul edeninden soň gürji raýatlygyny ýitirdi. Ukrain prezidenti Petro Poroşenko iýulda ony ukrain raýatlygyndan mahrum etdi. Saakaşwili bu buýrugy sud arkaly ýatyrtmagy planlaşdyrýar.

XS
SM
MD
LG