Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: “Altyn Asyr” bazaryna barýan ýoldaky kynçylyklar


Aşgabadyň “Altyn Asyr” bazary

1-nji oktýabrda irden Aşgabadyň Atamyrat Nyýazow hem-de Nurmuhammet Andalyp köçelerinden “Altyn Asyr” bazaryna gatnaýan awtoulaglaryň liniýada ýoklugy sebäpli, bu sebitden bazara gidýän ýaşaýjylaryň uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy aýdylýar.

Aşgabatly ýaşaýjy Merjeniň sözüne görä, mundan öň kireý edýän hususy eýeçilikdäki awtobuslar hem-de “marşrutka” diýlip atlandyrylýan mikroawtobuslar “Altyn Asyr” bazarynyň işleýän günleri ir ertirden Atamyrat Nyýazow hem-de Nurmuhammet Andalyp köçelerinden ilaty bökdençsiz gatnadýar ekenler.

“Bu köçeleriň ugrunda olaryň durup, ýolagçylary mündürýän ýerleri bardy. Awtoulaglar tertip bilen nobatma-nobat, birisi ugrandan, beýlekisi ýola çykyp, ilaty “Altyn Asyr” bazaryna gatnatmakda we soňra bazardan şähere alyp gaýtmakda bökdençsiz hereket edýärdiler. Awtoulag hyzmatlarynyň ýol nyrhynyň 1 manat bolup, ol ilat üçin elýeterlidi. Ýöne 1-nji oktýabrda irden “Altyn Asyr” bazaryna gitmek üçin awtoulaglaryň ozalky ugraýan ýerine gelsek, ozal her 5-10 minutdan ugraýan awtoulaglar bir sagat geçende-de gelmediler. Awtoulaglara garaşýan ýolagçylaryň sany artyp, uly bir üýşmeleň döräp ugrady. Ýaşaýjylar awtoulaglaryň gelmeýänligine biynjalyk bolup, onuň sebäpleri barada biri-birinden soraýardylar.

Gymmatly wagtlaryny ýitirmejek bolan ýaşaýjylaryň kimisi taksä mündi, kimisi başga duralgalara gitdiler. Bizem taksi bilen ‘Altyn Asyr’ bazaryna ugradyk. Bazarlap bolanymyzdan soňra, öýe gaýtmak üçin bazaryň awtoulag duralgasyna gelenimizde, hususy awtoulaglaryň ‘Altyn Asyr’ bazaryna ýolagçylary gatnatmaklaryna gadagançylyk girizilendigini, onuň ornuna döwlete degişli 89 belgili awtoulag gatnawynyň ýola goýlandygyny eşidip galdyk” diýip, Merjen gürrüň berdi.

Aşgabadyň “Altyn Asyr” bazary
Aşgabadyň “Altyn Asyr” bazary

Ýöne Merjen bu gadagançylyk ýa-da döwlete degişli 89 belgili awtoulagyň “Altyn Asyr” bazaryna gatnap başlandygy barada ilata maglumat ýa-da bildiriş berilmändigini-de belleýär.

Aşgabadyň beýleki bir ýaşaýjysy bolsa, “Atyn Asyr” bazaryna gatnaýan döwlet awtobuslarynyň ilatyň talabyny doly ödäp bilmeýändigini, olaryň sanynyň juda azdygyny belläp, şeýle diýýär:

“Bazara gatnaýan döwlet awtobuslary ozal şäheriň liniýalarynda işleýärdi. Olaryň sany-da juda az. Şol sebäpli bazara baran ýaşaýjylar wagtynda öýlerine gaýdyp bilmän kösenýärler. Galyberse-de, olaryň gatnaw ýygylygy juda pes. Her 30-40 minutdan gelýän awtobusa garaşýan ýolagçylaryň sany bolsa, juda köp. Bazaryň awtoduralgasy ýolagçylara darlyk edýär. Awtobus gelen wagty, adamlar biri-birinden öňde münjek bolup, uly basgy emele getirýärler. Awtobusyň içinde aýak üstünde durmaga hem ýer ýetmezçilik edýär. Dyknyşykda eliňdäki harytly torbasyny ýyrtdyryp, kösenenler hem az bolmady” diýip, özüni Ogulbagt diýip tanadan aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.

Şeýle-de, ol käbir ýolagçylaryň bu dyknyşyklara girmäge “ýürek edip” bilmän, awtobus dyknyşyklarynyň azalmagyna garaşyp, aýak üstünde azyndan bir sagat durmaly bolandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Bu kynçylygyň üstesine ýaşaýjylar öň “Altyn Asyr” bazaryna gatnap, kireý edýän hususy awtoulag eýeleriniň onlarçasynyň işsiz galmagyna getirendigini-de aýdýarlar.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň iýul aýynda Aşgabatda ýörite lisenziýasy, rugsat haty bolmazdan, köçede öz hususy awtoulaglary bilen kireý edýän raýatlara edilýän gözegçiligiň güýçlenendigi, olaryň Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan saklanylyp, jerime salynýandygy-da aýdylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG