Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk çäreleri başlandy


Döwlet işgärleri Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçiriljek dabaralara taýýarlyk görýärler. Arhiwden alnan surat

Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tamamlanmagynyň yz ýany, 27-nji oktýabrda bellenilýän Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk çärelerine köpçülikleýin taýýarlyk görlüp başlandy.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň býujet işgärleriniň onlarçasyna salgylanyp aýtmagyna görä, 30-njy sentýabrda döwlet edara-kärhanalarynda, şol sanda mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda, saglyk öýlerinde Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşjak adamlaryň sanawy düzüldi.

“Ady sanawa goşulan işgärlere 2-nji oktýabrdan başlap, iş gününiň tamamlanmagyna iki sagat galanda, işden boşadyljakdygy we Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp geçiriljek dabaralara taýýarlyk çärelerine gatnaşmalydygy duýduryldy. Bu taýýarlyk çäreleri, ýagny ‘marşirowkalar’ tä Garaşsyzlyk gününe çenli her gün dowam eder. Oktýabr aýynyň ortalaryndan başlap, işgärler iş gününiň ikinji ýarymynda doly işden boşadylar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran 55-nji mekdebiň mugallymy gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, bu taýýarlyk çäreleri paýtagtyň “Dagdan” stadionynda we Aşgabadyň Oguzhan köçesiniň günorta tarapyndaky boş meýdançada geçirilmeli edilip, oňa käbir edaradan azyndan 20 işgär gatnaşsa, käbirinden 50 çemesi adam gatnaşýar.

Döwlet işgärleriniň käbiriniň aýtmagyna görä, edara ýolbaşçylary Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşjak işgärleriň täze eşik geýmelidigini we onuň işgärleriň öz hasabyna satyn alynmalydygyny hem duýdurypdyrlar.

“Bize ‘öňki ýyllardaky ýaly ak halatly geçmersiňiz. Her edaranyň öz reňki we şoňa görä-de eşigi bolmaly’ diýdiler. Eşikleriň reňkiniň nähili boljakdygyny ýakynda aýtjakdyklaryny we şol eşikleriň Garaşsyzlyk gününe birnäçe gün galanda taýýar ediljekdigini duýdurdylar. Onuň näçe manada düşjekdigi heniz belli däl. Ýöne şeýle çärelere täze eşik tikinmeli ýa-da satyn almaly bolanda, aýal-gyzlar ortaça 300-400 manat, erkekler ortaça 700-800 manat çykdajy etmeli bolýarlar” diýip, 7-nji Saglyk öýüniň işgäri aýtdy.

Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp geçiriljek dabaralara taýýarlyk çärelerine gatnaşýan saglyk işgäri öňümizdäki hepdelerde şäheriň käbir köçeleriniň hem bölekleýin ýapyljakdygyny, şeýle-de Oguzhan köşkler toplumy bilen döwlet tribunasynyň aralygynda we Olimpiýa stadionynda hem “marşirowkalaryň” geçiriljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Aşgabadyň demirýol gullygynyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran jogapkär işgäri Azatlygyň ýurt içindäki çeşmelerine, bu taýýarlyk çärelerine Aşgabadyň golaýyndaky Ruhabat, Änew, Gökdepe demirýol stansiýalaryndan hem işgärleriň çekilýändigini aýtdy.

Taýýarlyk çäreleri sebäpli, döwlet işgärleriniň takmynan öýlän sagat 15:00 töweregi işden boşadylýandygyny aýdyp, geçen ýyllardaky tejribeler nazara alnanda, munuň döwlet edaralarynyň, hususan-da, saglyk edaralarynyň işiniň bökdelmegine sebäp boljakdygyny ýaşaýjylar belleýärler.

“Geçen ýyllarda-da köpçülikleýin çäreler, ‘marşirowkalar’ geçirilýän mahaly, haýsy edara barsaň, işgär ýok bolýardy. Bu ýylam şeýle bolar. Iň bolmanda, saglyk işgärlerini bir şeýle çärelere çekmeli däl. Saglygyňa seretdirmek üçin barsaň, ‘lukman, şepagat uýasy çärede’ diýip yzyňa ugradýarlar. Ýaňy Aziadany sowduk diýsek, indi Garaşsyzlyk baýramçylygyna taýýarlyklar başlandy” diýip, aşgabatly 59 ýaşyndaky Dursun daýza aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda Türkmenistanyň degişli resmilerinden, şol sanda 7-nji Saglyk öýüniň we 55-nji mekdebiň ýolbaşçylaryndan kommentariý almak başartmasa-da, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda Garaşsyzlyk gününe taýýarlyklaryň görülýändigini wagtal-wagtal tekrarlap gelýärler.

Şol bir wagtyň özünde, bu taýýarlyk çäreleriniň näçe adamyň iş, okuw we dynç alyş wagtyny aljakdygy aýdylmaýar. Şeýle-de, işgärleriň, okuwçylaryň we studentleriň ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çärelere mejbury gatnaşdyrylýandygy barada-da mesele gozgalmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG