Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana sapar edýän Putiniň Berdimuhamedowa orden gowşurjagy habar berildi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s), Soçi, 1-nji noýabr, 2016.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s), Soçi, 1-nji noýabr, 2016.

2-nji oktýabrda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana resmi sapar edýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça amala aşyrylýan bu sapar Putiniň soňky bäş ýylyň dowamynda Türkmenistana edýän ilkinji saparydyr. Iki ýurduň prezidentleriniň geçirjek gepleşikleriniň detallary mälim edilmedi.

Kremliň metbugat-gullugy gepleşikleriň dowamynda dürli ugurlardan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň ara alnyp maslahat ediljegini aýtdy.

Türkmenistanyň habar serişdelerinde umumy häsiýetli maglumat berildi. TDH agentligi “ýokary derejeli duşuşyklarda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan taraplarynyň maslahat ediljegini” mälim etdi.

Şeýle-de, türkmen metbugatynda “gepleşikleriň netijesinde ikitaraplaýyn dokumentleriň uly toplumyna gol çekilmeginiň göz öňünde tutulýandygy we munuň Türkmenistanyň we Orsýetiň prezidentleriniň nobatdaky duşuşygynyň ähmiýetini artdyrjakdygy bellendi.

Aşgabadyň we Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklara ýakyn diýmek kyn, aýratynam 2016-njy ýylda Orsýetiň türkmen gazyny satyn almagyny bes etmeginden soň. Gaz söwdasy iki ýurduň aragatnaşyklarynyň esasyny emele getirýärdi.

Şol döwürden soň ikitaraplaýyn gatnaşyklar diňe çäkli görnüşde amala aşyrylypdy. Hususana-da, geçen ýylyň tomsunda Putin türkmen prezidentine Aleksandr Newskiý ordenini beripdi.

Şu ýylyň aprel aýynda prezident Berdimuhamedow Orsýetiň LDPR partiýasynyň lideri Wladimir Žirinowskini “Türkmenistanyň ýaşulysy” ady bilen hormatlady.

Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasy 2016-njy ýylyň başynda türkmen gazyny satyn almak boýunça ylalaşygy bir taraplaýyn ýatyrdy.

Bu ýagdaý garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda iň agyr ykdysady krizisleriň biriniň emele gelmegine sebäp boldy. Dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň çürt-kesik pese gaçan ýagdaýynda “Gazpromyň” türkmen gazyndan ýüz öwürmegi, býüjetiniň uly bölegini gaz eksportunyň hasabyna düzýän Türkmenistana uly zarba urdy.

Türkmenistan soňky 5-6 ýylyň dowamynda tebigy gazynyň eksport ugurlaryny üýtgetmäge synanyşdy. Hytaýa tarap gazgeçiriji guruldy. Emma Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň hökümetindäki çeşmeleriniň aýtmagyna görä, hytaý turbasynyň gurluşygy esasan Pekin tarapyndan maliýeleşdirildi we ylalaşykdaky şertlere görä, çykdajylar gazyň bahasynyň kesgitlenmeginde göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Hytaýyň öňündäki bergisiniň öwezini dolmaly.

Türkmen gazynyň Orsýete akdyrylmagy bes edileli bäri, Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Putiniň Soçidäki köşgüne sapar etdi. Şol gepleşiklerdäki resmi çykyşlardan daşary, “türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Putinden 2 milliard dollar möçberinde kredit sordy” diýlip, orsýet metbugatynda habar berildi.

Şol döwürde Orsýetiň prezidentiniň Türkmenistana sapar etmäge taýýarlanýandygy barada ilkinji maglumatlar peýda boldy, emma takyk wagty görkezilmeýärdi. Wladimir Putiniň Türkmenistana edýän häzirki sapaynyň wagty birnäçe gün öňüsyrasynda 29-njy sentýabrda mälim edildi, şeýle-de bu Putiniň Türkiýä saparyna gabat geldi.

Şu ýylyň başynda Azatlyk Radiosy, prezident Berdimuhamedowyň türkmen gazynyň eksporty üçin Türkiýäniň prezidentinden goldaw gözleýändigini we türkmen gazynyň “Türk akymy” rus-türkmen proýekti üçin satyn alynmagyny isleýändigini öz çeşmelerine salgylanyp habar beripdi. Bu meseläniň geljegi Türkmenistanyň we Orsýetiň prezidentleriniň arasyndaky gepleşikleriň netijelerine bagly bolar.

2-nji oktýabrda geçiriljek gepleşikleriň öňünden yglan edilmek gün tertibinde türkmen-owgan serhedindäki ýagdaý hem degişli bolup biler. 744 kilometrlik serhediň ýakasynda soňky aýlarda ýagdaý dartgynlaşýar.

Berdimuhamedowyň hökümetiniň serhetde howpuň abanmaýandygyny öňe sürmeýändigine garamazdan, Orsýet tarapyndan uly aladalanma bildirildi, hususan-da, soňky ýylyň dowamynda Orsýetiň harby resmileri, şol sanda Sergeý Şoýgu Aşgabada birnäçe gezek sapar etdiler.

Maglumatyň taýýarlanan wagtynda, Putiniň Aşgabada barandygy we iki ýurduň prezidentleriniň arasynda gepleşikleriň başlanandygy habar berildi we käbir detallar mälim edildi. Ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady we howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygy ýaly meseleleriň maslahat edilip-edilmändigi mälim edilmedik bolsa-da, orsýet mediasy Putiniň Berdimuhamedowa Aleksandr Newskiý ordenini gowşurmagy planlaşdyrandygyny habar berdiler.

XS
SM
MD
LG