Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin we Berdimuhamedow Aşgabatda duşuşdylar


Rus prezidenti Wladimir Putin bilen türkmen lideri Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat. 2-nji oktýabr, 2017 ý.
Rus prezidenti Wladimir Putin bilen türkmen lideri Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat. 2-nji oktýabr, 2017 ý.

Türkmenistana resmi sapar bilen gelen rus prezidenti Wladimir Putin bilen türkmen lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda gepleşik geçirdiler.

Türkmen tarapynyň çakylygy bilen duşenbe güni geçen gepleşikleriň dowamynda, iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama, başga-da 14 sany bilelikdäki dokumente gol goýuldy.

Hususan-da, rus we türkmen taraplary Senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek, Migrasiýa ulgamynda ygtyýarly edaralaryň wekilhanalaryny açmak, şeýle-de Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek hakyndaky ylalaşyklary baglaşdyrlar.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň Hazar deňzindäki ýakyn gatnaşyklara ygrarlydygy nygtalyp geçilse-de, trans-Hazar gazgeçiriji proýektiniň maslahat edilip-edilmändigi dogrusynda hiç zat aýdylmady. Ýatlatsak, türkmen gazyny Ýewropa akdyrmaga mümkinçilik berjek trans-Hazar proýektiniň durmuşa geçmegine Moskwa garşy çykyp geldi.

Putin bilen Berdimuhamedowyň arasyndaky gepleşikleriň dowamynda Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň hem maslahat edilendigi aýdylýar. Taraplar bu ýurtdaky ýagdaýlaryň gepleşikler esasynda, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrylmalydygyny nygtadylar. Emma türkmen-owgan serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýlarynyň gün tertibine getirilip-getirilmändigi barada hiç zat aýdylmaýar.

Owganystanyň demirgazyk, Türkmenistan bilen serhetleşýän sebitlerinde howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy bilen, Moskwa Aşgabada Owganystan bilen serhedini berkitmegine ýardam bermäge taýýardygyny ençeme gezek mälim edipdi.

Galyberse-de, Putiniň saparynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky energiýa hyzmatdaşlygyndaky dörän meseleleriň gürrüň edilendigi barada hiç hili resmi maglumat berilmedi.

Azatlyk Radiosynyň ozal-da habar berşi ýaly, Moskwa geçen ýylyň ýanwarynda, Türkmenistandan gaz almagyny doly togtadypdy. Bu ýagdaý garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda iň agyr ykdysady krizisleriň biriniň emele gelmegine, şeýle-de uly bölegini gaz eksportunyň emele getirýän býujetine uly zarba urupdy.

Türkmenistana edýän saparynyň dowamynda Putin türkmen kärdeşini Aleksandr Newskiý ordeni, Berdimuhamedow hem öz gezeginde ony “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen orden bilen sylaglady.

Berdimuhamedow Putini orden bilen sylaglaýan pursady ony “parasatly” we “dünýäniň halklaryna durnuklylyk we howpsuzlyk ugrunda uly işleri bitirýän şahsyýet” diýip häsiýetlendirdi. Ýeri gelende bellesek, rus häkimiýetleri Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp almakda we Ukrainanyň gündogar sebitlerindäki separatistlere goldaw bermekde tankytlanýarlar.

Şeýle-de, türkmen prezidenti, anyk mysallaryň üstünde durmasa-da, halkara meseleleriniň aglabasy boýunça iki ýurduň “meňzeş ýa-da ýakyn garaýyşlarynyň bardygyny” hem nygtap geçdi.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 1992-nji ýylyň aprelinde ýola goýuldy.

XS
SM
MD
LG