Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp heläkçilikleriň bolan ýerine baryp görer: Puerto Riko we Las Wegas


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Donald Tramp
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Donald Tramp

Amerikan prezidenti Donald Tramp iki heläkçiligiň bolan ýerine baryp görer. Bularyň biri tupanyň weýran eden adasy Puerto Riko, beýlekisi hem Birleşen Ştatlaryň täze taryhynda bolan iň uly gyrgynçylykda azyndan 59 adamyň heläk bolan şäheri Las Wegas.

Trampyň 3-nji oktýabrda ilkinji barjak ýeri Puerto Riko. Wizit Maria tupanynyň amerikan territoriýasyny akan-dökän edeninden iki hepde soňra bolýar.

Amerikan prezidenti adada bolan betbagtçylyga çynlakaý çemeleşmänligi sebäpli ýiti tankyda düşdi. Adadaky ilatyň aglaba köplüginiň şindi-de elektrik togy we telefon hyzmatlary ýok, olar azyk önümlerinden, içimlik suwdan we ýangyç ýetmezçiliginden kösenýärler.

Tramp bolan betbagtçylyga gowşak reaksiýa görkezendigi üçin, federal hökümeti tankytlan San Juanyň meri Karmen Ýulin Kruz bilen sene-menä girişdi.

Ol Twitterde meri “gowşak liderlikde” aýyplady.

Şol sebäpden prezident ada baranda, bu ikisiniň duşuşyp-duşuşmajakdygy belli däl.

Ak tam Kruz “ertir geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyryldy, biz şol gepleşikler bolar we bilelikde öňe hereket edip bileris diýip umyt edýäris” diýdi.

Tramp adadaky tankytçylarynyň köpüsini-de “özleri üçin ähli zadyň edilmegini isleýän, syýasy sebäplere daýanýan nadanlar” diýip atlandyrdy.

Tramp “esli wagtyny” Puerto Rikoda geçireninden soňra 4-nji oktýabrda köpçülikleýin gyrgynçylykda azyndan 59 adamyň atylyp öldürilen we 527 adamyň ýaralanan ýeri bolan Las Wegasa barar.

Amerikan prezidenti gyrgynçylygy ýurdy “gaýgy, gorky we gynançda” birleşdiren şer iş diýip atlandyryp, Tiz kömek işgärleriniň hyzmatyny taryplady.

“Biz bu gün gaýgy, gorky we gynançda birek-birege goşulýarys. Öten agşam (1-nji oktýabr) tüpeňli bir adam Las Wegas, Newadada konsertdäki uly märekä ot açdy. Ol 50-den agdyk adamy öldürip, ýene ýüzlerçe adamy ýaralady. Bu bir aňrybaş şer iş” diýip, Tramp aýtdy.

Bu adamyň 1-nji oktýabrda daşarda geçen aýdym-saz festiwalyndaki märekä bir myhmanhananyň 32-nji gatyndan näme üçin ot açandygy heniz-de syr bolmagynda galýar.

“Biziň agzybirligimizi şer iş gowşadyp bilmez, baglarymyzy zorluk bilen döwüp bolmaz. Watandaşlarymyzyň biderek ýere öldürilmegine gahar-gazapda bolsak-da, bizi bu gün kesgitleýän söýgüdir, mydama şeýle bolar, hemişelik” diýip, Tramp aýtdy.

XS
SM
MD
LG