Sepleriň elýeterliligi

WADA dört türkmen sportsmeniniň doping düzgünlerini bozandygyny hasaba aldy diýilýär


Türkmenistan sport we bagtyýarlyk gününi belleýär, Aşgabat, aprel, 2015

Dopinge garşy halkara agentligi WADA dünýä ýurtlarynyň doping düzgünlerini bozmagy barada hasabat çap etdi. 2015-nji ýyla degişli düzgün bozmalaryň sanawynda Türkmenistanyň sportsmenlerine degişli dört sany ýagdaý agzalýar, ýagny sambo boýunça iki, agyr atletika boýunça bir we karate boýunça bir sportsmen görkezilýär diýlip media maglumatlarynda aýdylýar.

Öz sportsmenleriniň doping düzgünlerini bozmagyna degişli meseläni resmi derejede agzaman gelýän Türkmenistan 25-nji sentýabrda Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri ýurduň milli doping agentliginiň tutuş Merkezi Aziýa regionynda öňdebaryjy oruny eýeleýändigini habar berdi.

Şol bir wagtda-da, Agyr atletika boýunça halkara federasiýasy tarapyndan diskwalifikasiýa edilip, 2019-njy ýylyň dekabryna çenli ýaryşlardan çetledirilen türkmen sportsmeni Umurbek Bazarbaýewiň Türkmenistanyň sporstmenlerini ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna taýýarlamak işine türgen hökmünde gatnaşdy diýip, Gündogar.org neşri belleýär. Neşriň maglumatyna görä, ýene bir türkmenistanly portsmen sambaçy Samwel Aýrapetýan Sambo boýunça halkara federasiýasy tarapyndan 2019-njy ýylyň fewral aýyna çenli diskwalifikasiýa edilmeginiň yzýany Türkmenistanyň umumy milli spartakiada oýunlaryna gatnaşyp altyn medal gazanypdyr.

XS
SM
MD
LG