Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranda zenan prezident saýlanyp bilermi?


Eýranda protestoçy bir zenan

Eýranda esasy kanuny goraýjylar geňeşine resmi ýagdaýda arza berlip, konstitusiýa taýdan wawwaly mesele bolup durýan "syýasy dini şahsyýet" sypatlandyrmasyna düşündiriş berilmegi soralypdyr. Eýranda prezidentlige dalaşgar bolup biljek raýatyň ýagdaýy şeýle sypanlandyrma esasynda kesgitlenýär.

Arzany, abraýly Kum mugallymlar seminariýasy jemgiýetiniň baştutany Aýatolla Mohammad Ýazdi iberipdir.

Esasy kanuny goraýjylar geňeşiniň sözçüsi Abbas Ali Kadhodaýi, Mehr habar gullugyna (MNA) beren beýannamasynda, Ýazdiniň şeýle arza bilen ýüzlenendigini tassyklapdyr. Ol, jedelleşikli sypatlandyrma barasynda maslahadyň haçan geçiriljeginiň häzirlikçe belli däldigini aýdypdyr.

Mohammad Ýazdi, Eýran.
Mohammad Ýazdi, Eýran.

"Erkek adammy?" ýogsa-da "Şahsyýet?"

Ýazdiniň hut özi hem şol bir wagtyň özünde Eýranyň saýlawlaryna gözegçilik edýän gurama bolan "Goraýjylar geňeşiniň" agzasydyr.

Eýranyň esasy kanunynyň 115-nji maddasynda agzalýan şol gadymy hem köpmanyly arap termini ýagny sypatlandyrmasy, hemişe Eýranda zenanlaryň prezidentlige dalaşgär bolmagynyň öňündäki esasy bökdençligi döredýär. Ol sypatlandyrma şol bir wagtyň özünde "erkek adamlar" ýa-da "'şahsyýetler" diýen manylary aňladýar. "Şahyslar" diýen manyda kabul edilende ona oňa zenanlar hem degişli bolup bilýär.

Eýranda zenan hukuklarynyň göreşijileri eýýäm 40 ýyla golaý wagtdan bäri ýurtda deňhukuklyk üçin tagalla edip gelýärler. Maýda geçirilen soňky prezident saýlawlarynda 140-a golaý zenan öňe saýlanyp, ýurduň iň ýokarky wezipelerine dalaşgär görkezilipdir.

Owalky halk wekili we Eýran yslam respublikasynyň esaslandyrjylaryndan Aýatolla Mahmoud Taleghaniniň gyzy Azam Taleghani bu gezekki saýlowda hem zenan dalaşgärleriň arasynda orun alypdyr. Ýöne, goraýjylar geňeşi beýleki zenan dalaşgärler bilen bilelikde onuň agzalygyny hem kabul etmändir.

Mesele telim gezek masahat edilipdir

10-njy awgustda Esasy kanuny goraýjylar geňeşiniň sözçüsi "syýasy dini şahsýet" sypatlandyrmasy barasynda gaýtadan düşündiriş beriljekdigini we bu meseläniň aýyl-saýyl boljakdygyny habar beripdir.

Ýöne, bu sapar ilkinji gezek durşy bilen erkek adamlardan ybarat bolan Goraýjylar geňeşiniň bir agzasy resmi ýagdaýda gümürtik sypatlandyrmanyň aýyl-saýyl edilmegini soraýar.

Köpsanly zenan hukuklaryny goraýjylar arap sypatlandyrmasy bolan "rajal" atly sözüň diňe "erkek adam" diýen manyny aňlatmaýandygyny, şol bir wagtyň özünde onuň zenanlara hem degişlidigini öňe sürýär. Olar munyň esasynda zenanlaryň hem prezidentlige dalaşgär görkezilip bililjekdigini aýdýarlar.

Eýrandaky saýlawçylaryň tas ýarysynyň diýen ýaly zenanlardan ybarat bolandygyna garamazdan, Goraýjylar geňeşi her gezek zenanlaryň dalaşgärlik arzasyny kabul etmeýär.

Mehr habar gullugy, Goraýjylar geňeşiniň sözçüsinden ugur alyp, agzalýan sypatlandyrma we onuň bilen baglanşykly sözleriň hut geňeşiň birnäçe ýygnagynda we onuň Ýerine ýetirjiler merkezinde maslahat edilendigini ýazýar.

1979-njy ýyldan bäri diňe ýekeje zenan taýýar

Käbir aktiwistler bu sypatlandyrmanyň Goraýjylar geňeşi tarapyndan düşnükli ýagdaýa getirilmelidigini nygtaýarlar.

Gadymy hem gapma-garşylykly köp manyly arap sypatlandyrmasy bilen bagly jedelleşik, dalaşgär zenanlara prezident Hassan Rohanynyň hökümetinden garaşýan tamasynyň başa barmanyndan soň hasan möwjeýär.

1979-njy ýyldan bäri Eýranda hökümetde wezipe alan ýeke-täk zenan 2009-ny we 2013-nji ýyllaryň arasynda prezidentlik eden Mahmud Ahmetnejadyň kabinetinde Saglygy saklaýyş ministri bolan Marzieh Dastjerdidir.

Eýran, sebitde zenanlaryň ministr wezipesinde orun alan ilkinji ýurtlarynyň biridir. Hekim, mugallym we halk wekili bolan Farrokhroo Parsa atly zenan, baryp tä şa döwründe ýagny 1968-nji we 1971-nji ýyllaryň arasynda ministr wezipesinde işläpdir.

1979-njy ýyldaky öwrülşikden soň oňa garşy Yslam öwrülşik kazyeti tarapyndan dürli aýyplamalar öňe sürlip, ahyrynda berlen atuw jezasy esasynda güllelenip öldürilipdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG