Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew we gyrgyz lideri Almazbek Atambaýew 5-nji oktýabrda duşuşyp, iki ýurduň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Özbegistanyň paýtagty Daşkentde eden çykyşynda Mirziýoýew “juda gysga wagtyň içinde Özbegistan bilen Gyrgyzystanyň gatnaşyklarynda täze, uly sepgitlere ýetilendigini” aýtdy.
Mirziýoýew geçen aýda Gyrgyzystana eden saparyndan soň, iki goňşy ýurduň arasynda ençeme serhet geçelgeleriniň ýola goýulandygyny belledi.
Atambaýewiň Daşkende saparynyň öňüsyrasy Mirziýoýew 1,280 kilometrlik umumy serhediň deliminasiýasy baradaky Karara gol goýdy.
Täze dokumente görä, serhediň 1,170 kilometere golaýy doly kesgitlenen diýlip, häsiýetlendirilýär.
Atambaýew hem öz tarapyndan ýokarky mazmunly Karary kabul etdi.
1991-nji ýyldan, ýagny iki ýurt garaşsyzlygyny alanyndan bäri özara serhet iň ýiti meseleleriň biri bolupdy.
Soňky ýyllaryň dowamynda serhetde ok atyşyklara çenli baryp ýeten ýagdaýlar ýüze çykypdy.
Özbegistanyň ozalky awtoritar lideri Yslam Kerimow öleninden soň, ýagdaýlar oňaýly tarapa özgermäge başlady.
Kerimowdan soň häkimiýet başyna gelen Mirziýoýew özüniň daşary syýasatynyň iň esasy wezipesiniň – goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary gowulandyrmakdan ybarat boljakdygyny aýdypdy.