BMG geçen ýylyň dowamynda dünýädäki ýaragly konfliktlerde 8000-den gowrak çaganyň öldürlendigini ýa-da ýaralanandygyny habar berdi. BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterres bu sany “kabul ederlikli däl” diýip atlandyrdy.
5-nji oktýabrda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde köpçülige hödürlenen “Çagalar we ýaragly konfliktler” atly ýyllyk hasabatyna görä, dünýäniň 192 ýurduny öz içine alýan guramanyň 2009-njy ýylda çagalaryň heläkçiligini hasaba alyp başlamagyndan bäri iň ýokary sanlar Owganystana degişli bolmagynda galýar.
Hasabatda Owganystanda 2016-njy ýylda 3512 çaganyň öldürlendigi ýa-da maýyp edilendigi, bu sanyň geçen ýylkysyndan 24% artandygy habar berildi.
Şeýle-de hasabatda ýüzlerçe çaganyň jynsy zorlugyň pidasy bolandygy, mekdeplerde hüjüme sezewar edilendigi ýa-da ýaragly konfliktlere çekilendigi bellenýär.