Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Eýranyň ýadro ylalaşygynyň “ruhuna” laýyk ýaşamaýandygyny aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Waşington, 5-nji oktýabr, 2017
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Waşington, 5-nji oktýabr, 2017

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň dünýäniň täsirli ýurtlary bilen baglaşan ylalaşygynyň “ruhuna” laýyk ýaşamaýandygyny aýtdy. Tramp bu çykyşyny özüniň 2015-nji ýylyň ylalaşygyny üýtgetmek niýeti barada media maglumatlarynda peýda bolan maglumatlar bilen baglylykda etdi.

Trampyň 5-nji oktýabrda Ak Tamda ýurduň harby liderleri bilen duşuşygynda eden bu beýanaty ABŞ-nyň Eýranyň ylalaşygy berjaý edip-etmeýändigi barada netijä gelmegi üçin kesgitlän wagt möhletiniň dolmagynyň 10 gün öňüsyrasynda edildi.

“Biz Eýrana ... ýadro ýaragyny döretmäge rugsat bermeli däl” diýip Tramp aýtdy. Tramp “Eýranyň režimi terrorizmi goldaýar we tutuş Ýakyn Gündogarda zorlugy, gandöküşligi we bulam-bujarlygy eksport edýär. Şu sebäpden biz Eýranyň dowam etdirýän agressiýasyny we ýadro ambisiýalaryny soňlamaly”.

Tramp dünýäniň iň täsirli alty ýurdunyň 2015-nji ýylda Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça baglaşan ylalaşygyny yzygiderli ýazgaryp gelýär.

XS
SM
MD
LG