Sepleriň elýeterliligi

‘MTS-iň’ hyzmatlary kesilensoň, ençeme oba telefon aragatnaşygyndan mahrum boldy


MTS-iň Türkmenistandaky satuw ofisleriniň biri

MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky abonentleriniň aragatnaşyk hyzmatlary kesilenden soň, ýurduň ençeme obasy telefon aragatnaşygyndan doly mahrum boldy.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndan 200 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýän Kiçjikýazy, Düwünçi ýaly obalarynda häzirki wagt hiç hili telefon aragatnaşygy işlemeýär.

“Ine şu obalaryň ýeke täk çykalgasy, telefon aragatnaşygyna bil baglaýany MTS öýjükli telefon aragatnaşygydy. Ol ýatyryldy. Indem ‘Altyn Asyryň’ antennalarynyň ýoklugy üçin, olar öz telefonlaryny ulanyp bilenoklar. Eger olar ‘Altyn Asyryň’ hyzmatyndan peýdalanjak bolsalar, onda azyndan 70-80 kilometr ýere özleriniň hususy awtoulagy ýa-da motosiklet bilen gidip, şol ýerden, ýagny ‘Altyn Asyryň’ antennalarynyň tutýan ýerinden jaň edip bilýärler” diýip, ýakynda Balkan welaýatyna sapar eden Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Ýatladyp geçsek, sentýabr aýynyň 28-den 29-na geçilen gije MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky abonentleriniň aragatnaşyk hyzmatlary kesildi. 29-njy sentýabrda irden “MTS-iň” paýtagt Aşgabatdaky müşderileriniň interneti öçürilse, günüň dowamynda MTS-iň Türkmenistandaky ähli hyzmatlarynyň kesilendigi mälim boldy.

Belläp geçsek, medeni zonalardan, ýagny etrap merkezlerinden 200-300 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýän obalaryň onlarçasyna “stasional”, ýagny döwlet tarapyndan öý telefon liniýalary indi ençeme ýyl bäri çekilmän gelýär.

Şeýle-de, “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň antennalary bina edilmändigi sebäpli, her birinde onlarça hojalyk ýaşaýan oba ilaty soňky 10 güne çenli diňe MTS kompaniýasynyň telefon aragatnaşyk hyzmatyndan peýdalanyp bilýärdi.

MTS-iň ýurtdaky aragatnaşyk hyzmaty kesilen soň, telefon aragatnaşygyndan doly mahrum bolan sebitleriň hatarynda Ahal welaýatynyň öňki Bäherden häzirki Baharly etrabyna degişli Kirpili obasy hem bolup, bu oba medeni zonadan 300 kilometr çemesi uzakda ýerleşýär.

Bugaýewiň sözlerine görä, Kirpilide MTS-iň telefon aragatnaşygynyň kesilmegi diňe bu obanyň ýaşaýjylaryna däl, eýse onuň bilen goňşuçylykda ýerleşýän Balkan welaýatynyň käbir obalaryna-da öz täsirini ýetirdi.

“Kirpili obasynyň golaýynda ýerleşýän obalaryndan bolan adamlaram gelip, Kirpilidäki MTS-iň hyzmatyndan peýdalanýardylar. Meselem, öňki Gyzylarbat, häzirki Serdar şäherinden 400 kilometr çemesi demirgazykda ýerleşýän Serdar etrabyna degişli bolan Balleýşem, Akýaýla obalary – öz obalarynda ne ‘Altyn Asyryň’, ne-de MTS-iň antennasy bardy. Şonuň üçin bu obalaryň ýaşaýjylary 40-70 kilometr ýoly söküp, Kirpilidäki MTS-iň antennasynyň tutýan ýerlerine gelip, özleriniň habaryny ýurduň beýleki künjeginde ýaşaýan adamlara ýetirip bilýärdiler” diýip, Bugaýew agzalýan obalaryň ýaşaýjylaryna salgylanyp gürrüň berdi.

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan ýa-da Köneürgenç şäherinden 200 kilometr çemesi uzaklykdaky “Nalajyň gyry” diýlip atlandyrylýan ýerdäki obalaryň hem telefon aragatnaşygyndan mahrum bolandygyny, bu sebitiň käbir ýaşaýjylary Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

Ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda, Azatlyk Radiosy degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Balkanyň Bereket, Ahalyň Baharly we Daşoguzyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap häkimliklerine hem-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine ýüzlenende, haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Ýatladyp geçsek, 29-njy sentýabrda MTS-iň Moskwadaky baş edarasynyň metbugat wekili Dmitriý Solodownikow Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, kompaniýanyň Türkmenistandaky aragatnaşyk hyzmatlaryny türkmen tarapynyň ýatyrandygyny, ýöne kompaniýanyň öz müşderileriniň aragatnaşyk hyzmatlaryny dikeltmek boýunça “Türkmentelekom” bilen gepleşik alyp barýandygyny mälim etdi.

9-njy oktýabrda MTS-iň Aşgabadyň 11-nji mikroraýondaky merkezi ofisiniň adynyň efirde agzalmazlygyny soran käbir jogapkär işgärleri özlerine häzire çenli döwlet derejesinde hiç hili görkezmäniň berilmändigini belläp, bu mesele boýunça nämälimligiň dowam edýändigini aýtdylar.

“Şol ýere baran adamlar bilen pul hasaplaşygyny geçenoklar, ýöne müşderiniň özi arza ýazsa, şu günden olaryň puluny yzyna berip başlapdyrlar” diýip, Bugaýew MTS-iň Aşgabatdaky işgärlerine salgylanyp gürrüň berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri MTS-iň ýurtda alyp barýan işine degişli öz planlaryny henize çenli resmi taýdan mälim etmän gelýärler.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosyna bu barada MTS kompaniýasyndan häzirlikçe resmi kommentariý almak başartmady.

Ýatladyp geçsek, MTS kompaniýasynyň Türkmenistanda işlemeginiň bes edilmegine degişli tejribeler öňem bolupdy. MTS 2010-njy ýylyň dekabrynda, Türkmenistanyň aragatnaşyk bazarynda ilaty mobil hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça 2005-nji ýyldan bäri amala aşyran işini durzupdy. Şonda MTS bilen hyzmatdaşlygyny bes eden Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi öz kararyny MTS bilen şertnamasynyň möhletiniň dolmagy bilen düşündiripdi.

MTS kompaniýasy Türkmenistandaky müşderileriniň sanyny 2017-nji ýylyň 2-nji çärýeginde 1 million 700 müň diýip kesgitledi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG