Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Türkiýe wiza hyzmatlaryny ikitaraplaýyn çäklendirýärler


ABŞ-nyň Ankaradaky ilçihanasy

Birleşen Ştatlar bilen Türkiýe wiza hyzmatlaryny ikitaraplaýyn çäklendirýärler. Muňa sebäp ABŞ-yň konsulhanasynyň milleti türk bolan bir işgäriniň içalylykda aýyplanyp, Stambulda tutulandygy boldy.

Uzak wagt bäri ýaranlykda bolan iki ýurduň arasyndaky diplomatik çekeleşik 8-nji oktýabrda işgär tutulanyndan az wagt soňra Waşingtonyň Ankaradaky ilçihanasynyň Türkiýede immigrant bolmadyk wiza hyzmatlaryny togtadýandygyny yglan edeninden soňra başlandy.

Beýannamada soňky wakalaryň ony “Türkiýe hökümetiniň Amerikanyň wekilhanalarynyň we işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky borjuny ýerine ýetirişine täzeden baha bermäge” mejbur edendigi aýdylýar.

Beýannamada şeýle hem immigrantlara degişli bolmadyk wiza hyzmatlarynyň togtadylmagynyň “dessine güýje girýändigi” bellenýär. Immigrant wizalary Birleşen Ştatlarda hemişelik ýaşamak isleýän adamlara berilýär.

Türkiýe hem şol gün giçlik bu göçüme reaksiýa görkezip, Birleşen Ştatlardaky diplomatik wekilhanalarynda “immigrant bolmadyk wiza hyzmatlaryny togtadýandygyny” bildirdi.

Ýöne Türkiýe tarapyndan soňra çykarylan bir beýannamada “Birleşen Ştatlaryň raýatlaryna ähli wiza hyzmatlarynyň togtadylandygy” aýdylsa-da, bu çäräniň näme üçin girizilendigi barada maglumat berilmeýär.

4-nji oktýabrda türk mediasy Amerikanyň Stambuldaky konsulhanasynyň ýerli işgäriniň bir kazyýet tarapyndan ruhany Fethullah Gülen bilen ilteşiklikde aýyplanyp, tussag edilendigini habar berdi. Çekeleşik hem şondan soňra turdy. Ankara öten ýyl başa barmadyk döwlet agdarylyşygyny gurnan Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Gülen diýýär .

Ankara Güleniň Türkiýä berilmegini sorap, Waşingtona basyş etdi. Gülen 2016-njy ýylyň iýul aýynda bolan döwlet agdarlyşygy baradaky synanyşyk bilen özüniň hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny aýdýar.

Döwlet tarapyndan dolandyrylýan Anadolu habar gullugynyň aýtmagyna görä, tutulan adam Metin Topuz. Oňa içalylykda we türk hökümetini agdarmaga synanyşmakda günä bildirilýär.

5-nji oktýabrda Amerikanyň ilçihanasy Topuzyň tutulmagy sebäpli Birleşen Ştatlaryň “aşa birahatdygyny” aýtdy.

NATO-nyň iki ýaranynyň arasyndaky dartgynlygyň turmagyna sebäp bolan Güleniň ykbaly, şeýle hem Amerikan harbylarynyň Siriýada alty ýyl bäri barýan raýat urşunda kürt ÝPG-niň söweşijilerini goldamagy.

Ankara ÝPG Türkiýede gadagan edilen PKK-nyň şahasy diýýär. PKK Türkiýäniň günorta-gündogarynda 30 ýyl bäri pitneçilik urşuny alyp barýar.

Türkiýe bilen Birleşen Ştatlaryň özara oňuşmazlygyna sebäp bolan ýene bir zat-da 16-nji maýda Waşingtonda bolan dawa-jenjelde amerikan prokurorlarynyň prezident Rejep Taýýyp Erdoganyň janpenalarynyň 15 agzasyna günä bildirenligi.

Türkiýäniň daşary işler ministrligi muňa amerikan prokurorlary tarapyndan ýasalan galp aýyplama diýip protest bildirdi.

Birleşen Ştatlar bilen ençeme Günbatar ýurtlary 2016-njy ýylda Erdoganyň hökümetiniň garşysyna gurnalan dildüwşükden soňra Türkiýäniň başgaça pikirlenýänlere ýowuz çemeleşmegini hem tankytladylar.

XS
SM
MD
LG