Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň guramasynyň direktory gysga wagtlaýyn tussag edildi


Roman Rubanow
Roman Rubanow

Russiýanyň oppozision syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy guramasynyň direktory Roman Rubanow gysga wagtlaýyn tussag edildi we oňa sorag-jogaba çekilmek üçin 13-nji oktýabrda yzyna gelmelidigi aýdyldy.

Rubanow Twitter sosial ulgamynda ýazan maglumatynda özüniň 10-njy oktýabrda Moskwadaky jaýynyň golaýynda sud ofiserleri tarapyndan tussag edilendigini ýazdy.

Rubanowyň sözlerine görä, ofiserler onuň Korrupsiýa garşy guramanyň Internetdäki maglumatlary aýyrmagy ret etmegi baradaky derňewler bilen baglanyşykly tussag edilendigini aýdypdyrlar.

Nawalny özüniň Korrupsiýa garşy guramasynyň derňewlerine esaslanyp, ýurduň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň Russiýadaky we ýurduň daşyndaky baýlyklaryna kontrollyk etmek üçin, hamana, haýyr-sahawat guramalaryny ulanandygy aýdylýan wideony ýaýratdy.

Şondan soň, ýagny şu ýylyň aprel aýynda Kreml bilen ilteşikli tütjar Alişer Usmanow Nawalna garşy sud şikaýatyny gozgady.

Maý aýynda Moskwanyň sudy Nawalna Usmanow bilen ilteşikli ähli çykyşlary internetden aýyrmagy we öz aýdanlaryndan dänýändigi barada beýanat ýaýratmagy tabşyrdy.

Rubanow “Meduza” atly habar websaýtyna beren maglumatynda tussag edilmäniň özüni we Nawalnyny gorkuzmak maksady bilen amala aşyrylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG