Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Lukaşenkany Gündogar partnýorlygynyň sammitinde ‘garşy almaga taýýar’


 Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka
Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenka

Ýewropa Bileleşigine degişli çeşmeler, bileleşigiň ilkinji gezek Belarusyň prezidenti Alýaksandr Lukaşenkany geljek aýa planlaşdyrylan Gündogar partnýorlygynyň sammitinde garşy almaga taýýardygyny aýdýarlar.

Mesele bilen ýakyndan tanyş çeşmeleriň 9-njy oktýabrda Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, Belarus 24-nji noýabrda Brýusselde geçjek sammite Gündogar partnerliginiň beýleki bäş agzasy bolan Ermenistan, Azerbaýjan, Gürjüstan, Moldowa we Ukraina ýaly “hiç hili çäklendirmesiz” gatnaşmaga çagyrlypdyr.

Çeşmeler çakylygyň Gündogar partnerligine degişli döwletlere 6-njy oktýabrda iberilendigini aýdýarlar. Olar bu maglumatlary atlarynyň agzalmazlyk şerti bilen berdiler. Sebäbi olaryň bu barada jemgyýetçilige maglumat bermäge ygtyýarlygy ýok.

Öňki dört sammitde Ýewropa Bileleşigi 21 ýyl bäri Belarusa höküm sürüp gelýän we “Ýewropanyň iň soňky diktatory” diýip atlandyrylan Lukaşenka duşuşyklara ýol berilmejekdigini öňünden aýdypdy.

Gündogar partnerliginiň 2015-nji ýylda Rigada geçen sammitinde Minskä ýurduň daşary işler ministri Uladzimer Makei wekilçilik etdi.

Ýewropa Bileleşigi gündogar Ýewropanyň we günorta Kawkazyň alty ýurdunda ykdysady integrasiýany, şeýle hem Ýewropa gymmatlyklaryny ösdürmek maksady bilen Gündogar partnerligini 2009-njy ýylda ýola goýdy.

1994-nji ýyldan bäri prezident bolan Lukaşenka 2015-nji ýylda geçen saýlawda 5-nji gezek utuş gazandy. Bu saýlawda hem Günbatar ýurtlaryndan gözegçilik eden toparlar ne erkin, ne-de adalatly diýip baha berdiler.

Ýewropa Bileleşigi 2004-nji ýylda biri biznesmen, beýlekisi hem žurnalist bolan iki oppozision syýasatçynyň gürüm-jürüm bolmagy netijesinde, ýurduň garşysyna çäklendiriji çäreleri girizdi.

Ýewropa Geňeşi 2010-njy ýylyň dekabrynda geçen prezident saýlawlaryndan soňra bolan zülüm-sütem sebäpli öň girizilen sanksiýalary artdyrdy.

Ýöne Ýewropa Bileleşigi 2016-njy ýylyň fewralynda baýlyklary doňdurmak, 170 sany belarus raýatyna, şol sanda Lukaşenka-da wiza gadagançylygy we ýurduň 14 kompaniýasynyň garşysyna girizilen çäklendiriji çäreleri ýatyrdy.

Bileleşik sanksiýalary “ähli belarusiýaly syýasy tussaglaryň boşadylmagyna we Ýewropa Bileleşigi bilen Belarus arasyndaky gatnaşygyň gowulanmagyna jogap edip” ýatyrandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG