Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan nebit-gaz pudagyna 159,9 milliard manat ýatyrar


Energiýa ekspertleri Türkmenistanyň esasy meselesiniň tebigy resurslaryny ýerlemekden ybaratdygyna ünsi çekýärler.
Energiýa ekspertleri Türkmenistanyň esasy meselesiniň tebigy resurslaryny ýerlemekden ybaratdygyna ünsi çekýärler.

Türkmenistanda 2018-2024-nji ýyllarda ýurduň nebit-gaz toplumyna 159,9 milliard manat möçberinde maýa goýumlary goýberiler. Bu barada duşenbe güni geçen Ýaşulular maslahatynyň dowamynda mälim edildi.

Mundanam başga, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şol döwürde “Malaý” käninde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi üçin, gaz gysyjy bekediň gurluşygynyň tamamlanjakdygyny hem aýtdy.

Ol bu proýektiň – dünýä bazaryndaky energiýa serişdeleriniň bahalarynyň pese gaçmagy sebäpli garaşsyzlykdan soňky ýyllarynda iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan Türkmenistanyň – öz hasabyna amal ediljekdigini hem mälim etdi.

Emma türkmen lideri ýurduň iki ugur: Russiýa we Eýran boýunça gaz eksportynyň togtadylandygy we giňden mahabatlandyrylýan TOPH proýektiniň

gurluşygynyň öňünde böwet bolýandygy aýdylýan Owganystandaky we Pakistandaky howpsuzlyk ýagdaýlary barada kelam agyz söz aýtmady.

Şol bir wagtda halkara energiýa ekspertleri Türkmenistanyň esasy meselesiniň tebigy resurslaryny ýerlemekden ybaratdygyna ünsi çekýärler. Energiýa bilermeni Jon Roberts häzir Türkmenistanyň juda kyn ýagdaýa düşendigini aýdýar.

“Türkmenistan häzir gaty agyr ýagdaýda. Soňky 3-4 ýylyň dowamynda dünýäniň gaz bazary düýpli üýtgedi, özgerdi. Mundan beýläk uzak möhletli gaz şertnamalary baglaşylmaz. Hatda Hytaý hem Türkmenistandan almagy planlaşdyran mukdardaky gazdan has az alýar. TOPH gazgeçirijisiniň golaý geljekde doly amala aşjakdygyny çaklaýan ýokmyka diýýärin. Russiýa hem bazar bahasyndan telim esse arzan bermese, Türkmenistandan gazy almaz” diýip, Roberts Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Berdimuhamedow Ýaşulular maslahatynyň dowamynda sözlän sözünde, nebit-gaz pudagynda 6900-den gowrak iş orunlarynyň dörediljekdigini hem aýtdy.

Emma Azatlyk Radiosynyň ozal-da habar berişi ýaly, geçen ýyldan bäri prezident Berdimuhamedow “Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyny mundan beýläk kämilleşdirmek maksady bilen” diýen düşündiriş bilen ýurduň ençeme iri nebit-gaz edaralaryny, şol sanda Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrligini, “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernini ýapdy; şeýle-de “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernlerine degişli käbir bölümleri dargatdy.

Netijede, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan bu pudaklaryň işgärleri nebit-gaz ulgamyndan ýüzlerçe adamyň işsiz galandygyny aýdypdylar.

XS
SM
MD
LG