Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ýaşulular, bize beýle ýowuz geljegi näme üçin sowgat etdiňiz?"


Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylar.
Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylar.

Hormatly Ýaşulylar!

Eger Halk Maslahaty bolsa näme üçin ýerlikli halkyň meseleleri barada ara alnyp maslahatlaşmadynyz? Näme üçin garşydaş pikir edýän ýekejede adam ýok. Garşylyk bolmasa ösüş bolmaz ahyry.

Düýnki Halk Maslahatynda diňe el çarpdyňyz. Baýramçylyklary azaldyp gowy etdiňiz. Dogra dogry diýmeli. Ýogsam baýramçylyk we çärelerden ýaňa işlemägede wagtlary ýok bužet işgärleriniň.

Bisarpa ulanmazlyk üçin ýeňillikleriň azaldylmagy ýada sçetçik goýulmagy hem erbet däl. Ýöne adamlaryň hal ýagdaýy gowulaşmady ahyry. Näme üçin beýle geplediňiz.

Gaýtam bahalar ep esli ýokarlandy, adamlaryň haryt alym güýji peseldi. Gaýratly atalarymyzyň ornyna näme diýilse el çarpyp tassyklaýan ýaşulylarymyz galdy.

Bize beýle ýowuz geljegi näme üçin sowgat etdiňiz? Garşylyk görkezen barmy diýlende ýerinden turyp HAKYKATLARY aýdyp biljek merdana ýaşulylarymyza näme boldy? Gaty gynançly ýagdaý. Ýaşlaryň, geljek nesiliň ykbaly bilen oýanaýanlygyňyzy unutmaň!

Redaksiýadan: Okyjynyň haty bolşy ýaly çap edilýär. Onda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

XS
SM
MD
LG