Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ozalky ‘mugt’ hyzmatlar gymmatlady


Türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň barha gowulanýandygy aýdylyp, ozalky mugt hyzmatlara täzeçe nyrhlar girizildi
Türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň barha gowulanýandygy aýdylyp, ozalky mugt hyzmatlara täzeçe nyrhlar girizildi

Türkmenistanda ähli sarp edijiler üçin tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, ýaşaýyş jaý-jemagat, awtoulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahalary ýokarlandy.

Düýn, ýagny 10-njy oktýabrda öz işini tamamlan Ýaşulular maslahatynda, türkmen mediasynyň sözi bilen aýdyldanda ‘il-günden gelen köp sanly teklipleriň’, ilatyň hal-ýagdaýynyň barha gowulanýandygy, girdejileriniň artýandygy baradaky öňe sürmeleriň esasynda, ýokarda agzalan pudaklara täzeçe nyrhlar girizildi. Ýeri gelende bellesek, prezidentiň ýörite karary bilen düzgünleşdirilen bu nyrhlar ýene-de üç hepdeden, ýagny 1-nji noýabrdan güýje girer.

Dokumente laýyklykda:

  • 1 aýda telefon üçin abonement tölegi goşulan baha üçin salgyt hasaba alnanda – 1 manat diýlip kesgitlendi. Bu ozal 20 teňňedi.
  • ýolagçylary şäher ugurlarynyň wagty bellenen ýolagçy gatnawy düzgüninde awtobusda gatnatmak boýunça hyzmatlaryň bahalary aşaky tertibe görä kesgitlendi:
  • bir gezeklik ýol petegi üçin – 50 teňňe. Bu ozal 30 teňňä deňdi;
  • pensionerlere bir aýlyk ýol petegi – 1 manat;
  • mekdep okuwçylaryna bir aýlyk ýol petegi – 2 manat;
  • Guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, kärhanalar tarapyndan fiziki şahslara edilýän ýaşaýyş jaý-jemagat, awtoulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahalary aşaky möçberlerde bellenildi:
    • 1 aýda suwdan mugt peýdalanmagyň möçberinden artyk peýdalanylan 1 m3 üçin – 50 teňňe. Mundan ozal, jaýda ýazga duran her bir adam bir gije-gündizde berlen 250 litr suwdan artyk ulanylan halatynda, harçlanan suwuň möçberine garamazdan 55 teňňe töleýärdi;
    • 1 aýda 1 inedördül metr ýaşaýyş meýdany üçin – 50 teňňe. Bu ozal 12 teňňä deňdi;
    • 1 aýda 1 inedördül metr ýaşaýyş meýdanyny ýylatmak üçin – 10 teňňe;
    • 1 aýda 1 adam üçin lagym ulgamyndan peýdalanmak boýunça hyzmatlar üçin – 40 teňňe. Mundan öň adam başyna 5 teňňe tölenýärdi;

Sözümiziň şu ýerinde bellesek, Azatlyk Radiosyna elektrik energiýasyna we tebigy gaza ozal kesgitlenen nyrhlar barada takyk maglumatlary tapmak başartmady. Her niçik-de bolsa, 1-nji noýabrdan başlap gürrüňi gidýän hyzmatlara aşaky tertip boýunda nyrh kesgitlener.

  • Elektrik energiýasynyň bahasy goşulan baha üçin salgyt hasaba alynmadyk ýagdaýda, aşaky möçberlerde bellenildi:
  • býujetden maliýeleşdirilýän we olar bilen deňleşdirilen ýuridik şahslara 100 kWt sagady üçin – 3,31 manat;
  • döwlet eýeçiligine degişli hojalyk hasaplaşygyndaky ýuridik şahslara, döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk ýuridik şahslara we telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslara 100 kWt sagady üçin – 6,28 manat;
  • Türkmenistanyň çäginde ýaşamaga hukuk berýän, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berlen resminamasy bolan daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara we bosgunlara 100 kWt sagady üçin – 2,17 manat;
  • daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygyna laýyklykda döredilen, öz işi Türkmenistanda bellige alnan wekilhanasynyň we şahamçasynyň üsti bilen amala aşyrýan ýuridik şahslara 100 kWt sagady üçin – 3,58 amerikan dollary;
  • daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryna, konsullyk edaralaryna we şol döwletleriň döwletara, hökümetara, halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryna, şeýle hem döwletara, hökümetara, halkara guramalaryna, olaryň Türkmenistandaky şahamçalaryna we hemişelik wekilhanalaryna 100 kWt sagady üçin – 3,31 manat;
  • telekeçilik işi bilen meşgullanmaýan Türkmenistanyň raýatlaryna mugt goýberilýän möçberden artyk sarp edilýän elektrik energiýasynyň 100 kWt sagadynyň goşulan baha üçin salgyt hasaba alnanda – 2,50 manat.
  • tebigy gazyň bahasy goşulan baha üçin salgyt hasaba alnanda, şu möçberlerde bellenildi:
    • telekeçilik işi bilen meşgullanmaýan Türkmenistanyň raýatlary üçin, mugt goýberilýän möçberden artyk sarp edilýän tebigy gazyň 1000 kub metri üçin – 20 manat;
    • Türkmenistanyň çäginde ýaşamaga hukuk berýän, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berlen resminamasy bolan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar we bosgunlar üçin sarp edilýän tebigy gazyň 1000 kub metri üçin – 20 manat;
    • şu bölümiň ikinji we üçünji bentlerinde görkezilenlerden beýleki sarp edijiler üçin (daşary ýurt maýa goýumy gatnaşýan kärhanalardaky daşary ýurt maýadarlarynyň paýy hem-de Türkmenistanyň çäklerinde abatlaýyş-gurluşyk işlerini daşary ýurt pulundaky şertnamalar boýunça amala aşyrýan potratçy gurluşyk kärhanalary muňa girmeýär) sarp edilýän tebigy gazyň 1000 kub metri üçin – 20 manat;
    • daşary ýurt maýa goýumy gatnaşýan kärhanalardaky daşary ýurt maýadarlarynyň paýy hem-de Türkmenistanyň çäklerinde abatlaýyş-gurluşyk işlerini daşary ýurt pulundaky şertnamalar boýunça amala aşyrýan potratçy gurluşyk kärhanalary üçin sarp edilýän tebigy gazyň 1000 kub metri üçin – 50 amerikan dollary;
    • ýaşaýyş we beýleki käbir zerurlyklar üçin ilata mugt goýberilýän möçberden artyk sarp edilýän suwuklandyrylan gazyň 1 kg üçin – 20 teňňe.

Galyberse-de, Ýaşulular maslahatynyň dowamynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ozal mugt berlen hyzmatlary tölegli etmek baradaky teklipleri makullap çykyş eden mahaly, bu prosesiň tapgyrlaýyn durmuşa geçiriljekdigini nygtapdy.

Munuň netijesinde, tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, suwuň we beýleki sosial hyzmatlarynyň bahalarynyň mundan soň hem galdyrylyp-galdyrylmajakdygy barada, hiç hili maglumat berilmedi.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, Türkmenistanda suwuň, toguň, gazyň belli bir möçberde mugt berilmegi 1993-njy ýylda, ilaty sosial taýdan goldamak maksady bilen 10 ýyllyk möhlet bilen girizildi we soňra bu mugtçulygyň 2030-njy ýyla çenli saklanyljakdygy aýdylypdy.

XS
SM
MD
LG