Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow GDA sammitine gelip, Putine güjük sowgat berdi (WIDEO)


Soçi. G.Berdimuhaamedow W.Putine güjük sowgat berýär. 11-nji oktýabr, 2017 ý.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji oktýabrda, GDA-nyň Soçide geçirilýän sammitine gelip, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine türkmen güjügini sowgat berdi.

Ozalky sowet respublikalarynyň liderleri bu gün GDA-nyň we Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň sammitlerine ýygnandylar. Türkmenistan bu iki guramanyň hiç biriniň doly bahaly agzasy däl wetürkmen häkimiýetleri adatça Aşgabadyň hemişelik bitaraplyk syýasatyna salgylanyp, beýle sammitlerden çeke durýarlar.

Bu guramalaryň Soçide geçýän sammitlerine rus prezidenti Wladimir Putin beýemçilik edýär we olary Sowet Soýuzy dargaly bäri geçen 26 ýylda dürli bähbitleriň çaknyşýan sebitinde Moskwanyň täsirini saklap galmak üçin ulanmaga çalyşýar.

Bu ýylyň sammiti Gazagystan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky dartgynlyklaryň ýitileşen wagtyna gabat geldi. Bişek 15-nji oktýabrda geçiriljek prezident saýlawlary bilen baglylykda öz uly goňşusyny ýurduň içki işlerine gatyşmakda aýyplady.

Gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew 9-njy oktýabrda özüniň Soçä etmeli saparyny goýbolsun etdi, onuň edarasy bu kararyň saýlaw gününe gabat planlaşdyrylan gozgalaňlaryň daşary ýurtdan maliýeleşdirilmegi esasyndaky aladalar bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

Bu karar Atambaýew Gazagystany dolandyryjy partiýanyň esasy kandidatynyň garşydaşy Ömürbek Babanowy goldamakda aýyplap, sentýabrda Babanow bilen duşuşan gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýewi tankytlanyndan soň kabul edildi.

Wladimir Putin 10-njy oktýabrda aýratynlykda täjik prezidenti Emomali Rahmon we moldowan prezidenti Igor Dodon bilen duşuşdy. Igor Dodon Orsýete tarapdar syýasatçy bolup, köplençPutini öwýär we öz ýurdunyň Ýewropa tarapdar hökümeti bilen oňuşmaýar.

Putin GDA sammiti başlanmazdan öň türkmen kärdeşi bilen hem duşuşdy we Gurbanguly Berdimuhamedow oňa, doglan gününe sowgat hökmünde, tohum türkmen alabaýynyň güjügini gowşurdy.

7-nji oktýabrda 65 ýaşy dolan Putin 2018-nji ýylyň martynda geçiriljek saýlawlarda ýene bir alty ýyllyk möhlet üçin bäsleşer öýdülýär.

“Men sizi geçen doglan günüňiz bilen gutlap, size berk jan saglyk, üstünlik arzuw edýärin. Biziň umumy bir dostumyz bar – ol alabaý iti. Men şu gün kiçijik alabaýy öz ýanym bilen getirdim” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Putin GDA diňe assosirlenen agza bolup durýan we bitaraplyk syýasaty zerarly özüni çetleşdirýän Türkmenistanyň prezidentine sammite gatnaşýandygy üçin sag bol aýtdy.

Türkmen we rus liderleri soňky gezek şu aýyň başynda Aşgabatda, Putiniň Türkmenistana resmi sapary mahalynda duşuşdy. Şol sapardan soň rus prezidentiniň Aşgabada saparyndan hiç bir netije bolmandygy, Türkmenistanyň SSSR darganyndan soň Orsýetiň öňbaşçylygynda döredilen guramalardan, şol sanda GDA, ŞHG, Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasy ýaly toparlanyşyklardan daşda galjagy barada çaklamalar aýdyldy.

Orsýetli resmiler we synçylar soňky ýyllarda ýygy-ýygydan türkmen-owgan serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýyna salgylanyp, Aşgabadyň mümkin bolan terror howpuna garşy durmak ukybynyň ýeterlik däldigini aýdýarlar.

Putin GDA-nyň sammitinden öň Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen hem duşuşdy.

Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan GDA-nyň agza döwletleri bolup durýar. Baltika döwletleri bolan Latwiýa, Litwa we Estoniýa oňa hiç wagt goşulmady.

Gürjüstan bolsa GDA-dan 2008-nji ýylda, Russiýa bilen bolan gysga wagtlyk uruşdan soň çykdy.

Ukraina GDA-nyň assosirlenen agzasy bolup durýar, emma onuň günbatarçy ýolbaşçylary Russiýa 2014-nji ýylda Krymy basyp alyp, uruşda gündogar Ukrainadaky separatistleri goldaly bäri, ondan çeke durýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG