Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa Kaliningrada has köp Isgenderi ugradyp biler


Isgender raketa ulgamy
Isgender raketa ulgamy

Russiýa ABŞ-nyň Baltik döwletlerindäki soňky hereketleriniň çäginde Kaliningrad sebitine özüniň kämil ýaraglaryny ugradyp biler diýip, habar serişdeleri ýokary derejeli rus resmisiniň sözlerini getirýärler.

Parlamentiň aşaky öýüniň goranmak komitetiniň başlygy Wladimir Şamanow Kremliň özüniň günbatar, şol sanda NATO döwletleri – Polşa we Litwa bilen serhetleşýän sebitlerinde goşmaça Isgender raketa ulgamlaryny ýerleşdirip biljekdigini aýdypdyr.

Şamanow munuň Polşada ABŞ-nyň ýaragly brigadasynyň ornaşdyrylmagyna jogap boljakdygyny aýtdy. Ol bu hereketiň “halkara ylalaşyklaryna düýpgöter çapraz gelýändigini” hem sözüne goşdy.

Isgender ulgamy adaty we ýadro raketalaryny 500 kilometr aralyga çenli atmaga ukyplydyr.

Mundan öň, Moskwa ABŞ-ny Polşada we Baltik döwletlerinde bikanun ýagdaýda harby birikmelerini ýerleşdirmekde aýyplap, munuň Russiýa bilen NATO-nyň arasyndaky gelnen ylalaşyklara çapraz gelýändigini aýtdy.

ABŞ we NATO resmileri bu aýyplamalary ret etdiler.

XS
SM
MD
LG