Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramynda 'jemgyýetçilik tertibini saklamagy' buýurýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow howpsuzlyk maslahatyny geçirýär. Balkan, 12-nji oktvabr, 2017.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow howpsuzlyk maslahatyny geçirýär. Balkan, 12-nji oktvabr, 2017.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji oktýabrda Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, “Awaza” serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

Türkmen döwlet habarlar gullugy prezidentiň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna Garaşsyzlyk baýramynda jemgyýetçilik tertibini saklamak üçin anyk tabşyryklary berendigini habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, prezident aýdym-saz, şowhunly elçarpyşmalar astynda toý bagyny kesip, serhet galasynyň täze binalar toplumynyň ulanylmagyna ‘ak pata’ berdi. Soňra prezidente iň täze harby tehnikalaryň nusgalary, şol sanda söweşjeň we gözegçilik gämileri, katerler hem-de ýörite tehnikalaryň dürli görnüşleri görkezildi.

“Harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň çäklerinde iň döwrebap tehniki serişdeleriň hem-de enjamlaryň satyn alynýandygyny bellemek gerek” diýip, habarda aýdylýar, emma täze diýilýän tehnikalaryň haçan we haýsy ýurtlardan, nähili şertlerde satyn alnandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Binalaryň açylyş dabarasyndan soň serhet galasynyň maslahat zalynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi geçirildi. Mejlisde prezident döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni, TDH-nyň sözleri bilen aýtsak, esasy bir meselä - Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyga çekdi.

Azatlyk radiosyna oktýabr aýynyň başyndan bäri gelip gowuşýan habarlara görä, ýurtda Garaşsyzlyk baýramyna giňden taýýarlyk görülýär we adamlary mejbury ýagdaýda repetisiýalara çekmek dowam etdirilýär.

Garaşsyzlyk baýramy Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen 5-nji Aziýa oýunlary ýapylanyndan bir aý soň geçirilýär we Azatlygyň ýerli habarçylary bilen gürrüňdeş bolan raýatlar býujet işgärleriniň we studentleriň köpçülik çärelerine taýýarlyk görmekden halys bolandyklaryny gürrüň berýärler.

Prezident Berdimuhamedowyň 'esasy talaby'

Prezident Berdimuhamedow hökümet mejlislerinde hemişe baýramçylyk dabaralarynyň we beýleki çäreleriň ýokary gurmaçylyk derejesinde, uly türkmen toýy görnüşinde geçirilmegini berk talap edýär. Bu talap, ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, çärä mümkin boldugyça köp adamyň gatnaşdyrylmagyny aňladýar. Ýerli synçylar prezidentiň uludan-uly çäre gurnamak höwesiniň ýüzlerçe adamyň gündelik durmuşyna, gün-güzeranyna, fiziki hem-de ruhy saglygyna ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdýarlar.

Azatlyk radiosy şu aýyň başynda Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlygyň Aşgabatdan soň Balkan welaýatynda hem başlanandygyny habar berdi. Azatlygyň ýerli çeşmeleri 2-nji oktýabrda başlanan taýýarlyk çärelerine ýa-da “marşirowkalara” býujet işgärleriniň, hususan-da saglyk, magaryf, medeniýet işgärleriniň ýüzlerçesiniň çekilendigini habar berdi.

Öýlän sagat 3-de başlap, giçlik sagat 6 töwereginde tamamlanýan “marşirowkalar” Balkanabat şäherindäki köne futbol meýdançasynda geçirilýär. Aýdylmagyna görä, region merkezinde geçirilýän “marşirowkalara” etrap, oba ýerlerinde ýaşaýan býujet işgärleri, ýokary klas okuwçylary hem çekilýär.

Azatlygyň Balkan welaýatyndaky çeşmesiniň maglumatyna görä, “marşirowkalara” gatnaşmak üçin obalardan getirilýän adamlar wagtlaýyn “Nebitçi” we “Energetika” saglyk öýlerinde ýaşar, ol ýerlerde bolýan 200 çemesi näsag bolsa öýlerine ugradylar.

Garaşsyzlyk baýramynda adatça harby parad hem geçirilýär we prezident döwlet howpsuzlyk geňeşine gatnaşyjylardan bu gezekki harby paradyň hem ýokary derejede geçirilmegini talap etdi. Bu paradda täze satyn alnandygy aýdylýan harby tehnikalaryň mümkin boldugyça giňden görkeziljegini çaklamaga esas berýär.

Şahsy howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran 70 ýaşly aşgabatly synçy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde Berdimuhamedowyň talaby esasynda geçirilýän köpçülik çäreleriniň, olara bir ýa-da käte iki aý öňünden görlüp başlanýan taýýarlygyň ýurt ykdysadyýetine, diýmek döwlete ummasyz uly möçberlerde zyýan bolýandygyny aýtdy.

Mundanam başga, köpçülikleýin çäreler we olara taýýarlyk bilen bagly käte adam häläkçiliginiň hem bolýandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG