Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan gyrgyz saýlawlaryna gözegçi ugratmaýar


Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew we Gyrgyzystanda prezidnetlige dalaşgär Omurbek Babanow. 19-njy sentýabr, 2017 ý.

Gazagystanyň Saýlaw komissiýasy 15-nji oktýabrda goňşy Gyrgyzystanda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gözegçilerini ýollamajakdygyny aýtdy. Komissiýa gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýewiň Gazagystanyň ýurduň saýlaw kampaniýasyna goşulýandygy baradaky aýyplamalaryny “toslama” diýip atlandyrdy.

Gazagystanyň Saýlaw komissiýasynyň 13-nji oktýabrda geçiren ýygnagynda, bu komissiýanyň wekili Marat Sarsenbaýew “biziň ýurdumyzyň Gyrgyzystanyň prezidentlik saýlawlaryna nähilidir bir görnüşde goşulýandygy baradaky islendik gepiň öňüni almak üçin, biz gözegçilik etmek çakylygyny ret edýäris” diýdi.

Gazagystanyň Saýlaw komissiýasynyň başlygynyň orunbasary hem bu çykyşy goldap, “Gyrgyzystanyň prezident Almazbek Atambaýew tarapyndan Gazagystan barada edilen ‘öň görlüp-eşidilmedik beýanatdan’ soň, komissiýa saýlawlara gözegçilik etmez” diýdi.

Şol bir wagtyň özünde, Gazagystanyň Saýlaw komissiýasy 46 sany gyrgyz resmisiniň Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň missiýalarynyň gyrgyz saýlawlaryna gözegçilik etmegine gatnaşjakdygyny mälim etdi.

7-nji oktýabrda prezident Almazbek Atambaýew gazak resmilerini “Gyrgyzystanyň içerki işlerine gatyşmakda” we açyk bir görnüşde prezidentlige dalaşgär Omurbek Babanowy goldamakda aýyplady.

Atambaýew köpçülikde eden şol çykyşynda, gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewi onlarça ýyl häkimiýet başynda galmakda tankyt etdi.

Bu aýyplamalar Nazarbaýewiň 19-njy sentýabrda prezidentlige dalaşgär Babanow bilen duşuşmagynyň – saýlaw kampaniýasy döwründe goňşy ýurduň prezidenti tarapyndan amala aşyrylan adaty bolmadyk hereketiň – yz ýanyna gabat geldi.

Gyrgyzystanyň konstitusiýasy Atambaýewiň ikinji möhlet bilen prezidentlige dalaş etmegini gadagan edýär. Atambaýew köpçülikde eden çykyşynda, özüniň prezidentlige dalaşgär Sooronbaý Jeenbekowy goldaýandygyny aýdyp gelýär. Jeenbekow prezidentlige dalaş etmek üçin şu ýylyň awgust aýynda ýurduň premýer-ministri wezipesinden çekilipdi.

Gyrgyzystanda prezidentlik kampaniýasy resmi taýdan 13-nji oktýabrda gijäň ýary tamamlanýar.

XS
SM
MD
LG