Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pagtaçy daýhanlar: Çäklendirmeler sebäpli ýylyň soňuna girdejisiz galýarys


Türkmenistanda ýygnalan pagta hasyly. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanda ýygnalan pagta hasyly. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda döwlet tarapyndan girizilen görkezmeler we çäklendirmeler sebäpli, pagtaçy daýhanlaryň ýyl ahyrynda girdejisiz kösenýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan maryly daýhanlaryň aýtmagyna görä, kärendeçiler pagta ýygýan kombaýnlaryň ýetmezçilik edýändigi sebäpli ýetişen hasyly el güýji, ýagny ýygymçylaryň kömegi bilen ýygnamaly bolýarlar.

“Ozal daýhanlar ýygymçy tutup, olara pagtanyň her kilogramyna 20 teňňeden töläp ýygdyrýardylar. Emma ýokardan berlen görkezmeler esasynda, indi iki ýyldan bäri daýhanlar ýygymçylara her kilogram pagta üçin, 40 teňňe tölemeli bolýarlar. Bu bolsa, 2-3 gektar ýeri bolan daýhanlaryň ýylyň soňuna girdejisiz galmagyna getirýär” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda ýaşaýan daýhan gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, türkmen häkimiýetleri ýygymçylara has köp pul tölemek arkaly, olary höweslendirip, hasylyň gysga wagtda ýygylmagyny gazanmak isleýärler. Emma türkmen häkimiýetleri döwlet tarapyndan pagtanyň satyn alyş nyrhyny indi ençeme ýyl bäri ýokarlandyrman gelýärler. Bu bolsa ýygymça bir kilogram pagta ýygany üçin 40 teňňe tölän daýhanyň ýyllyk hasaplaşykda tas boş çykmagyna sebäp bolýar.

“Üstesine-de, artýan goşmaça tutumlar ýylyň ahyrynda daýhany girdejisiz goýýar. Emma ýolbaşçylary daýhanyň girdejisi gyzyklandyrmaýar. Olar bar bolan hasyla eýe çykyp, ýygymça näçe tölenmelidigi barada görkezme berýärler. Gowaça bir ýyllap ideg eden, ony ýetişdiren daýhan bolsa girdejisiz galýar” diýip, maryly daýhan belleýär.

Geçen hepdäniň ahyrynda Türkmenistanyň goňşy Özbegistandan 500 sany pagta ýygýan kombaýny satyn alandygy we olaryň käbirleriniň eýýäm ýurduň daýhan birleşiklerine paýlanyp berilendigi habar berildi.

Bu waka türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu aýyň başynda pagta ýygymynyň depgininiň pesdigini aýdyp, munuň sebäbini pagta ýygýan maşynlaryň azlygynda görýändigini aýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan maryly daýhanlaryň ençemesi özbek pagta ýygýan kombaýnlarynyň hem köp gektarly ýeri bolan emeldarlara berlendigini aýdyp, şeýle diýýärler:

“Özbegistandan satyn alyndy diýilýän 500 sany pagta ýygýan maşynlar Howuzhan massiwi ýaly ýerlerde köp gektarly emeldarlara berildi. Şeýle-de, bu maşynlary 2-3 gektarly daýhanlaryň ýerlerinde işletmek mümkinçiligi juda çäkli. Sebäbi kombaýnlar aýlanar ýaly pagta meýdanlarynyň gyralary tekiz däl”.

Türkmen prezidenti Berdimuhamedow hökümet ýygnaklarynda edýän çykyşlarynda, ýurtda daýhanlaryň netijeli işlemegi, önüm bolçulygynyň döredilmegi üçin ähli şertiň bardygyny nygtap gelýär.

Emma Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan daýhanlaryň ençemesi ýurtda döwlet tarapyndan üpjün edilmeli tehnikanyň, döküniň we suwuň ýetmezçilik edýändigini ýa-da öz wagtynda berilmeýändigini we goşmaça tutumlar sebäpli özleriniň alýan hasyl pulunyň, maşgala eklenjine ýetmeýändigini aýdýarlar.

Şeýle-de, olar pagta hasylyny diňe döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhdan satyp bolýandygyna ünsi çekip, esasan ykdysady azatlygyň ýokdugyny, ýere, suwa, ekjek ekinlerine, haçan we näme ekmelidigine, öndüren önümlerine ygtyýar berilmeýändigini belleýärler.

Şu ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary “Pagtaçylyk hakynda” kanunyň taslamasyny ara alnyp maslahatlaşylandan soň, biragyzdan kabul edilendigini mälim etdi.

Resmi metbugatda bu kanunçylyk taslamasynyň Türkmenistanda pagtaçylygyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýändigi hem-de pagtanyň, pagta önümleriniň dolanyşygy bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrýandygy aýdyldy. Emma gürrüňi edilýän “kesgitleýji esaslarda” we “gatnaşyklarda” pagtaçy daýhanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan problemalarynyň çözgütleriniň göz öňünde tutulyp-tutulmandygy nämälim bolup galýar.

Şu ýyl Türkmenistan pagta ýygymyna 30-njy awgustda başlady we prezident pagta hasylyny 27-nji oktýabrda belleniljek Garaşsyzlyk gününe çenli tamamlamagy tabşyrdyr. Şu ýyl ýurtda 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny almak planlaşdyrylýar.

XS
SM
MD
LG