Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: partlamada howpsuzlyk güýçleriniň dört agzasy öldürildi


Ýesrirlikden halas edilen maşgala

Pakistanyň harbylary demirgazyk-günbatardaky Kurram tire etrabynda ýol ýakasynda goýlan bombanyň ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň dört agzasyny öldürendigini, üçüsini bolsa ýaralandygyny aýdýarlar. Beýanatda 15-nji oktýabrda Karlaçiniň, Owganystan bilen serhet geçelgesiniň ýanynda öýde ýasalan bombanyň partlandygy aýdylýar.

Ady aýdylmaýan howpsuzlyk resmilerine salgylanyp berilýän habara görä, bu hüjümde üç bomba partlady we olaryň jogapkärçiligini Pakistan talybany öz üstüne aldy.

Resmiler AFP habar gullugyna gözleg toparynyň ýarym harby Serhet korpusyna degişli bolandygyny aýtdylar. Goşunyň beýanatynda harby gullukçylaryň geçen hepde azat edilen amerikan-kanada maşgalasyny tas bäş ýyllap ýesirlikde saklan jeňçileri gözländikleri aýdylýar. Şeýle-de beýanatda ölenleriň arasynda bir ofiseriň hem bardygy aýdylýar.

Pakistan esgerleri 11-nji oktýabrda, amerikan resmilerinden maglumat alanlaryndan soň, ABŞ-nyň raýaty Caitlan Coleman bilen onuň kanadaly adamsy , Joşua Boyli we olaryň üç çagasyny Kurramda azat etdiler.

Coleman we Boyle 2012-nji ýylda, Owganystanda syýahat edýän wagtlarynda alnyp gaçyldy. Bu jübüdiň üç çagasy ýesirlikde doguldy.

Maşgala owgan talybany bilen ýaranlykdaky “Hakkani” toparynyň bendiliginde saklandy.

13-nji oktýabr güni giçlik aýaly we çagalary bilen Kanadada gonandan soň, Boyle alyp gaçyjylary özleriniň gyz bäbegini öldürmekde we aýalyny zorlamakda aýyplady.

XS
SM
MD
LG