Sepleriň elýeterliligi

Apple öz emojileriniň arasyna hijaply gyz şekiljigini goşdy


Ýüzünde emoji şekilleri ýerleşdirilen adamlar öz smartfonlaryna seredýär. Arhiwden alnan surat

"Apple" firmasy golaýda "iPhone" kysymly telefonlara ýüzlerçe täze şekiljik (emoji) goşuljagyny habar beripdi. Täze şekiljikleriň arasynda hijaply gyz şekili hem bar.

Firma täze şekiljikleri taýýarlandygyny ýylyň başynda mälim edipdi. Emma olaryň gutarnykly görnüşini OS 11.1 ulgamynyň bir bölegi hökmünde ulanyp bolar.

Täze şekiljikleriň arasynda bitarap jynsly, sakgally, çaga emdirýän görnüşli şekiljikler bilen zombi hem bolar.

"Apple" firmasy şol bir wagtyň özünde adamyň duýgylaryny suratlandyrýan şekiljiklere eginbaş, haýwan we mifiki obrazlary has köp goşmak barada söz beripdir.

Hijaply gyz şekiljigi arabystanly ýetginjek Raýouf Alhumedhiniň emoji döredýän topara ýüz tutandan soň taýýarlanypdyr.

Ýetginjek öz ýüzlenmesinde olara "dürli milletlerden bolan millionlarça zenana" meňzeýän şekiljikleriniň hem döredilmegini isläp, munuň şu wagta çenli taýýarlanmandygyna düşünip bilmeýändigini ýazypdyr.

"Apple" firmasy onuň ýüzlenmesine şu ýylyň tomsunda oňaýly jogap beripdir.

XS
SM
MD
LG