Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: Prezidentlige dalaşgär galplygyň bolandygyny, resmi netijä garşy çykmajakdygyny aýtdy


Omurbek Babanow
Omurbek Babanow

Häkimiýetleriň Gyrgyzystanda prezidentlik saýlawyny gazandy diýýän kandidatynyň baş bäsdeşi ses berişlikde galplyklaryň bolandygyny, ýöne özüniň resmi netijelere garşy çykmajakdygyny aýdýar.

Omurbek Babanow muny 16-njy oktýabrda merkezi saýlaw komissiýasy deslapky netijeler häkimiýet başyndaky partiýanyň kandidaty Sooronbaý Jeenbekowyň sesleriň 54 prosentden gowragyny alandygyny görkezýär diýeninden birnäçe sagat soňra eden çykyşynda aýtdy.

Saýlawa gözegçilik eden halkara toparlar bolsa bäsleşikli we açyk geçdi diýip, ses berişligi taryplasalar-da, sesler sanalanda “jemgyýetçilik çeşmelerinden galp peýdalanmak, ses berijilere basyş etmek, sesleri satyn almak ýaly ençeme we düýpli problemalaryň alada bolup galýandygyny” bellediler.

Deslapky netijeleriň esasynda komissiýa tarapyndan 34 prosent bilen ikinji orunda ýerleşdirilen Babanow kampaniýanyň dowamynda özüne we tarapdarlaryna basyş edilendigini aýtdy.

“Döwlet telewideniýesi biziň üstümize hapa dökdi. Garşymyza gara propaganda alnyp baryldy. Biziň kampaniýamyzyň aktiwistlerine ýaramaz çemeleşildi. Olar kime ýüz tutjagyny bilmediler, sebäbi kanun goraýjy güýçler-de bir taraply hereket etdiler” diýip, Babanow belledi.

Ol soňra hem: “Ses berişlik bolup geçdi, adamlar öz islänini saýlady” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Netijeleriň tassyklanmagy we häkimiýetiň kynçylyksyz çalşylmagy 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri bir Merkezi Aziýa ýurdunda häkimiýetiň saýlanan prezidentden beýlekä geçmegi bolar.

Gyrgyzystanda köçelerde geçen protestler bilen 2005-nji we 2010—njy ýyllarda prezidentler häkimiýet başyndan kowuldylar. Merkezi Aziýanyň beýleki dört ýurdunda ýigrimi ýyldan gowrak bäri täze lideriň gelmegi bir prezidentiň ölmegi bilen ýol alýar.

“Gyrgyzystan bäsdeşikli saýlaw geçirmekde we häkimiýetiň parahatçylykly çalyşmagyny görkezmekde, umuman, oňaýly görelde boldy, ýöne käbir aladalar bar” diýip, Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlary we adam hukuklary baradaky edarasynyň gysga möhletli gözegçilik missiýasynyň başlygy Azaý Guliýew aýtdy.

Bu guramanyň Gyrgyzystanda saýlaw bilen baglanyşykly gözegçilik missiýasyna ýolbaşçylyk eden fransiýaly diplomat Aleksandre Keltçewski hem şeýle diýdi:

“Jemgyýetçilik çeşmelerinden galp peýdalanylandygy, ses berijilere basyş edilendigi, sesler satyn alyndy diýilýän gürrüňler hakda biziň missiýamyza ynamdar habarlar gelip gowuşdy. Golaýda biz ençeme halatda Döwlet komiteti we milli howpsuzlyk, şeýle hem beýleki edaralar we beýleki resmiler tarapyndan saýlaw kampaniýasyna açyk we resmi taýdan garyşylandygyna şaýat bolduk” diýip, Keltçewski aýtdy.

Babanow habar konferensiýasynda: “Administratiw basyşlara garamazdan, köp saýlawçy meni goldadylar, men olara gaty minnetdar” diýdi.

Tarapdarlarynyň köpçülikleýin protest geçirmegi mümkin diýilýän habarlar barada soralanda, Babanow bular ýaly planlar bilen özüniň hiç hili işiniň ýokdugyny aýtdy.

Ol: “Men ähli goldawçylarymy haýsy hem bolsa bir bikanun işe goşulmazlyga çagyrýaryn” diýdi.

Häkimiýetiň 58 ýaşly Jeenbekowa geçmeginiň häkimiýet başyndan aýrylyp barýan prezident Almazbek Atambaýewiň alyp baran syýasatynyň dowam etdiriljekdigini görkezýän bolmagy mümkin. Moskwa bilen ýakyn gatnaşygy bolan Atambaýew 2015-nji ýylda Gyrgyzystany Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky ykdysady ýaranlygy girizdi.

Jeenbekow 15-nji oktýabrda deslapky netijeler yglan edileninden az salym soňra: “Meniň wezipäm gazanylany saklamak, başlanany güýçlendirmek” diýdi.

Ol Atambaýewiň prezidentlik döwrüne salgylanyp, 6 million ilatynyň aglaba köplügi musulman bolan ýurtda “geçen 6 ýyllykda ähli sektorlarda uly üstünlikleriň gazanylandygyny we uly ösüşleriň bolandygyny” aýtdy.

Hem Jeenbekow, hem-de Babanow Atambaýewiň döwründe premýer-ministr boldular, ýöne häkimiýet başyndan aýrylyp barýan prezident Jeenbekowy goldaýandygyny gizläp durmady. Bu hem tankytçylaryň ony öz ileri tutýan kandidatynyň ýeňiş gazanmagyny kepillendirmek üçin, güýç-gudratyndan galp peýdalanmakda aýyplamagyna getirdi.

XS
SM
MD
LG