Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanda azerbaýjanly müdir hijaply gyzy sapaga goýbermändir


Dagystanda hijaply gyzlary sapaga goýberýärler.
Dagystanda hijaply gyzlary sapaga goýberýärler.

Gürjüstanyň Kahetiýa sebitindäki Karajala şäherinde, 12 ýaşyndaky Aişa iki hepdeden bäri sapaga gidip bilmeýär. Mekdebiň müdiri ony hijaply görnüşde sapaga goýbermeýär.

Mekdebiň müdiri hem onuň özi ýaly azerbaýjanly we şol bir wagtyň özünde-de hut şol şäherlidir. Elza Aşirowa sapaga goýberilmezliginiň sebäbiniň gyzjagazyň hijap bilen gelmegi däldigini aýdýar. Ol mekdebiň geýim kadalarynyň islendik başatgy bilen sapaga goýberilmegini gadagan edýändigini bildirýär.

Mekdebiň düzgünlerini bolsa, okuwçylaryň ene-atalary mugallymlar bilen bilelikde kesgitläpdir. Müdir kadalaryň üýtgedilmeginiň göz öňünde tutulmaýandygyny nygtaýar.

Gürjüstanda diýseň uly seslenme döreden bu hadysa bilen ýurduň ýaş hukukşynaslar birleşigi içgin gyzyklanypdyr. Guramanyň sebitdäki bölüminiň ýolbaşçysy Laşa Bekiaşwili bolsa, mekdebiň raýatyň din azatlygy hukugyny çäklendirýändigini belläp, şeýle hak-hukugyň hut Gürjüstanyň esasy kanunynda berilýändigini ýatladýar. Bekiaşwili kanuna görä dinine we söz azatlygyna gabat gelmeýän halatynda Aişäniň mekdep formasyndan ýüz öwürmäge doly hakynyň bardygyny aýdýar.

Gürjüstanyň bilim ministrligi bolsa, bu meselä dini nukdaý-nazardan garamaly däldigini, ýagny munuň mekdebiň öz düzgünnamasy bilen baglanşykly bir ýagdaýdygyny bildirýär.

Adam hukuklaryny goraýan Tamar Lamazaşwili mekdebiň müdiriniň mamladygyny öňe sürýär. Onuň pikirine görä, aslynda mekdebiň müdiri bu meselede okuwçynyň hukugyny goraýar.

Aişa baradaky jedeller häzirlikçe gutarmaýar. Karajala şäherinde başga bir 12 ýaşyndaky gyzjagazyň kakasy Nodar Astamow bolsa öz gyzyny mekdepde sapaga hijapsyz goýbermejegini aýdypdyr.

Onuň sözlerine görä, "öz dinini çaganyň hut özi saýlap alydyr. Çagasy şeýle ýagdaýda mekdepde okamak bilen durmuşdaky galan zatlaryň hemmesiniň deregine diňe hijap bilen dini ýaşaýşy saýlap aljakdygyny aýdypdyr".

XS
SM
MD
LG