Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda ‘maliýe kynçylyklarynyň’ fonunda, golf-kluby açyldy


Aşgabatda açylan golf meýdançasy

Şu gün Aşgabatda ýurtdaky ilkinji golf-kluby açyldy. 70 gektara golaý bu golf meýdançasy paýtagtyň günorta-günbataryndaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň golaýynda, 630 gektarlyk seýilgäh zolagyna ýanaşyk baýyrlykda ýerleşýär.

18 çukurjykly meýdançanyň açylyş dabarasyna prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi hem gatnaşyp, ol türkmenleriň entek gadym eýýamlardan bäri golfy ýadyňa salýan “çilik” oýnuny oýnap gelendiklerini hem öňe sürdi.

Gurluşygy şu ýylyň 12-nji aprelinde yglan edilen meýdançanyň landşaft taslamasy ABŞ-ly belli golfçy Jek Niklausyň ýolbaşçylygyndaky “Nicklaus Design” kompaniýasy tarapyndan işläp taýýarlanyp, onuň gurluşyga türkmen kärhanasy tarapyndan amal edilipdir.

Türkmen mediasynyň maglumatyndan çen tutulsa, meýdançadaky dürli serişdeler daşary ýurt öndürijilerinden, şol sanda ABŞ-dan, Ýaponiýadan we Britaniýadan alnypdyr; ähli enjamlar Şotlandiýadaky ýörite laboratoriýada synagdan geçirilipdir.

Türkmen mediasyndaky taryplaýjy, şeýle-de “ýurduň sport abraýyny artdyrjakdygy” baradaky maglumatlarynyň fonunda, meýdançanyň gurluşygyna döwlet býujetinden goýberilen pul serişdeleri barada kelam agyz söz aýdylmaýar.

Galyberse-de, bu golf klubunyň gurluşygy dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň pese gaçmagy netijesinde, Türkmenistanyň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan, şeýle-de ýurtdaky komunal ýeňillikleriň ýatyrylýan, aýlyklaryň ençeme aýlap berilmän gijikdirilýan, döwlet edaralarnyň ýapylyp, ştat sanynyň kemeldilýan döwrüne gabat geldi.

Şeýle-de, gurak howaly çöllük ýurt hasaplanýan we öz territoriýasynyň 80%-ni Garagum çöli eýeleýän Türkmenistanda açylan golf klubunyň soňy bilen nähili dolandyryljakdygy we türkmen hökümetiniň oňa sarp edilen pullaryň öwezini dolmak planlary resmi taýdan mälim edilmeýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, “Nicklaus Design” kompaniýasynyň başlygy Jek Nikolaus Türkmenistanda golf sportuny ösdürmek niýetini birnäçe ýyl mundan öň mälim edipdi. “Biz özümiziň bu ugurdaky baý tejribämiziň kömegi bilen iň gowy, iň ýokary hilli golf meýdanyny gurarys” diýip, Jek Nikolaus 2015-nji ýylyň 7-nji maýynda prezident Berdimuhamedow bilen duşuşygynda aýdypdy.

Bu aralykda, Aşgabatdaky golf-klubunyň açylyş dabarasynyň dowamynda prezident Berdimuhamedow, ediljek goşmaça çykdajylar barada hiç zat aýtman, “Awaza” syýahatçylyk zolagynda-da golf meýdançasyny gurmak barada tabşyryk berdi.

Türkmen mediasy şu günki açylan golf meýdançasynda görkezme oýunlary geçirmek üçin, daşary ýurtly belli golfçylaryň gelendigini hem habar berýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG