Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana dolanan käbir migrantlar işe alynmaýar


Aşgabadyň aeroporty
Aşgabadyň aeroporty

Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda käbir raýatlaryň güzeran çeşmesini daşary ýurtlardan gözlemeli bolýandygy aýdylýar. Türkmenistanyň metbugatynda bolsa täze iş orunlarynyň döredilýändigi barasynda maglumatlar berilýär.

Ýöne muňa garamazdan, daşary ýurtlarda işläp, soň aýraçylyga döz gelip bilmän ýa-da Türkmenistanyň metbugatynda berilýän habarlara bil baglap yzyna dolanan käbir migrantlaryň bolsa işe alynmaýandygy öňe sürülýär. Şonuň üçinem Türkmenistana dolanan käbir migrantlar eklenç gözleginde gaýtadan daşary ýurtlara çykmaly bolýarlar.

Şeýle problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdyp, Azatlyk Radiosyna ýüz tutan, mary welaýatyndan bolan saglygy saklaýyş pudagynyň owalky işgäri Gurbangül Türkmenistanda işe alynmaýandygy sebäpli iki ýarym ýyldan bäri Türkiýede zähmet migranty bolup işlemäge mejbur bolandygyny öňe sürýär.

Ol özüniň owal birsalym Stambula söwda gatnandygy sebäpli işe alynmaýandygy, yzyna dolanan özi ýaly migrantlaryň, belki, diňe ýüzden 10 göteriminiň tanyş-bilişleriniň üsti bilen para-peşgeş berip, öz hünäri boýunça işe girip bilýändigini aýdýar.

Owalky medisina işgäri Gurbangül Türkmenistana dolanyp, başdan geçiren kynçylyklaryny jikme-jik ýagdaýda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Gurbangül özi ýaly Türkiýede işleýän köpsanly owalky döwlet işgärleriniň Türkmenistan hökümetiniň gerekli iş orunlaryny döredip, daşary ýurtlarda zähmet migranty bolup zähmet çekýän ýokary bilimli kadrlaryna Watana dolanyp, güzerany gaýgy etmän, öz hünäri boýunça işlemegine mümkinçilik döretmegine garaşýandygyny nygtaýar.

Türkiýe türkmen migrantlarynyň ýykgyn edýän esasy ýurtlarynyň başyny çekýär. Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň köpüsiniň hem aýal maşgalalardygy we olaryň köplenç hojalyk işlerinde işleýändigi aýdylýar.

Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň maglumatlaryna görä, ýurtdaky türkmen migrantlarynyň sanynyň ýüzlerçe müňe baryp ýetýändigini aýdylýar.

XS
SM
MD
LG