Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MTS-Türkmenistan ulanylmadyk pul serişdelerini gaýtaryp başlady


MTS kärhanasynyň Türkmenistandaky lisenziýa möhleti 2010-njy ýylda hem uzaldylmandy.
MTS kärhanasynyň Türkmenistandaky lisenziýa möhleti 2010-njy ýylda hem uzaldylmandy.

Türkmenistanda MTS mobil operatory müşderilerine hasaplarynda bar bolan ulanylmadyk pul serişdelerini, şeýle hem işjeňleşdirilmedik ekspress töleg kartalary üçin pul serişdelerini yzyna gaýtaryp başlady.

“MTS-Türkmenistan” operatorynyň websaýtynda ýerleşdirilen bildirişe görä, ulanyjylar sişenbe gününden, ýagny 17-nji oktýabrdan başlap, kompaniýanyň şahamçalaryna ýüz tutup, bellenilen görnüşdäki arzany resmileşdirip bilerler.

Ýeri gelende ýatlatsak, “MTS-Türkmenistan” mobil operatorynyň ýurtdaky hyzmatlary – türkmen häkimiýetleri tarapyndan degişli lisenziýanyň möhletiniň uzaldylmandygy sebäpli bes edilipdi.

Kompaniýanyň resmi beýanatynda bu barada şeýle diýilýär: “Bölüp berlen radioýygylyk geriminiň we käbir beýleki zerur bolan serişdeleriň ulanylmagy üçin, rugsatnamanyň hereket edýän möhletiniň uzaltmakdan ret etmegi sebäpli Türkmenistanda hereket edýän degişli kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda “MTS-TM” hojalyk jemgyýeti tarapyndan müşderilerine aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün edilmegi 29.09.2017-nji ýyl senesinden togtadyldy”.

Şeýle-de, beýanatda müşderileriň hasaplaryndaky pul serişdeleriniň gaýtarylyp berleninden soň, olaryň belgileriniň saklanyp galýandygy we hyzmatlar gaýtadan üpjün edilmäge başlananda, olary gaýtadan ulanyp bolýandygy hem nygtalýar.

Emma şol bir wagtda, hyzmatlaryň gaýtadan ýola goýulmagy ugrundaky alnyp barylýandygy aýdylan gepleşikleriň dowam edip-etmeýändigi, netijeleri dogrusynda häzirlikçe hiç zat aýdylmaýar.

Soňky dörän ýagdaýlar dogrusynda MTS kärhanasynyň baş edarasynyň wekilleri nähilidir bir maglumat bermekden saklandylar. Türkmenistanyň häkimiýetleri hem MTS-iň ýurtda alyp barýan işine degişli öz planlaryny henize çenli resmi taýdan mälim etmän gelýärler.

Ýatlatsak, şu ýylyň iýul aýynyň aýagynda MTS özüniň Türkmenistanda işlemeginiň şertleri boýunça, türkmen häkimiýetleri bilen gepleşikleriň dowam etdirilýändigini habar beripdi. Şol pursat, türkmen tarapynyň “Aý Nazar” atly täze mobil aragatnaşyk operatorynyň “MTS-Türkmenistanyň” infrastrukturasyndan peýdalanmagyna rugsat berilmegi baradaky ylalaşygy teklip edýändigi aýdylypdy.

Azatlyk Radiosynyň ynamdar çeşmesiniň maglumatyna görä, täze mobil aragatnaşyk ulgamynyň “Aý Nazar” ady Aýnabat we Nazar diýen adamlaryň atlaryndan alnyp, olar mobil bazaryna ýurduň prezidentiniň ýakyn töwerekleriniň goldawy esasynda ýokardan ornaşdyrylýar.

MTS kärhanasynyň Türkmenistandaky lisenziýa möhleti 2010-njy ýylyň dekabr aýynda hem uzaldylmandy, netijede rus kompaniýasy ýurtda ilaty mobil hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça 2005-nji ýyldan bäri amala aşyran işini togtatdy.

Emma muňa garamazdan, 2012-nji ýylyň iýulynda MTS özlerine Türkmenistanda işlemek üçin ýene lisenziýa berlendigini aýtdy we iki tarapyň kanuny şikaýatlarynyň ýatyrylandygy mälim edildi. Şol pursat 5 ýyllyk şertnama gol çekildi we şonda belli bir şertleriň ýerine ýetirilmegi bilen bu ylalaşygyň ýene 5 ýyla çenli uzadylyp bilinjekdigi aýdylypdy.

XS
SM
MD
LG