Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň howpsuzlyk güýçlerine edilen bombaly hüjümde, azyndan 7 adam öldi


Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri 18-nji oktýabrda Kwettada amala aşyrylan hüjümiň bolan ýerini seljerýärler.
Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri 18-nji oktýabrda Kwettada amala aşyrylan hüjümiň bolan ýerini seljerýärler.

Pakistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Kwetta şäheriniň eteginde amala aşyrlan bombaly hüjümde, azyndan alty howpsuzlyk işgäri we bir raýat öldi diýip, ýurduň resmileri aýdýar.

18-nji oktýabrda Kwetta-Sibbi ýolunyň ugrunda polisiýa işgärlerini alyp barýan ulaga edilen hüjümiň jogapkärçiligini ýurduň hökümetine garşy söweşýän “Pakistan Talybany” jeňçi topary öz üstüne aldy.

Kwetta polisiýasynyň başlygy Abdur Razzak Çima partlamada 22 adamyň ýaralanandygyny, olaryň käbiriniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.

Hadysa janyndan geçeniň hüjümimi ýa-da ulaga berkidilen partlaýjylaryň uzak aralykdan partladylmagy netijesinde amala aşyryldymy diýen soraglary anyklamak üçin, derňewleriň alnyp barylýandygyny polisiýanyň başlygy mälim etdi.

Heläkçilikde ýaralanlar we wepat bolanlaryň jesetleri dessine Kwettanyň Raýat hassahanasyna äkidildi. Wakanyň yz ýany partlamanyň bolan ýeriniň töweregini howpsuzlyk güýçleri gurşap aldy.

Bulujystan welaýatynyň paýtagty Kwettada amala aşyrlan beýleki bir hüjümde, polisiýanyň inspektory Abdus Salam ulagly işine barýarka ýolda atylyp öldürildi diýip, resmiler habar berdiler.

Ekstremist jeňçi topary “Laşkar-e Jangwiniň” bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aladandygy habar berilýär.

Welaýatyň içeri işler ministri Sarfaraz Bugti “terrorçylyga garşy göreş entek gutarmady” diýdi.

‘Bulujystan bu söweşiň fronty we biz bu ýerde iň soňky terrorçyny ýok edýänçäk, göreşi dowam ederis’ diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Owganystan we Eýran bilen serhetleşýän tebigy gorlara baý Bulujystanda 2004-nji ýyldan bäri dowam edýän mezhep zorlugy, yslamçy jeňçi hüjümleri we seperatist gozgalaňçylaryň pitneleri müňlerçe adamyň ejir çekmegine getirdi.

Şeýle-de, 18-nji oktýabrda ýurduň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Haýber Pahtunkwa welaýatynda iki howpsuzlyk işgäriniň münüp barýan ulaglarynyň ýoluň ýakasyndaky bombanyň partladylmagy bilen heläkçilige uçrap, olaryň wepat bolandygyny häkimiýetler aýdýarlar.

“Pakistan Talybanynyň” ýerli komandiri Şarýar Mahsudyň Bannu etrabynda bolan bu hüjümi öz adamlarynyň amala aşyrandygyny aýdandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG