Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Irbilde yrak güýçleri bilen peşmerga söweşijileri çaknyşdylar


Yrak güýçleri
Yrak güýçleri

20-nji oktýabrda Yragyň hökümet güýçleri bilen kürt peşmerga söweşijileriniň arasynda çaknyşyklar boldy. Bu waka soňky üç ýylyň dowamynda kürt söweşijileriniň “Yslam döwleti” toparyndan yzyna alan ýerlerinde, ýagny Yragyň demirgazyk böleklerinde hökümet güýçleri öz harbylaryny ýerleşdirmegi dowam edýän mahaly boldy.

Altuk Kupri şäherçesiniň golaýyndaky çaknyşyk Yragyň Kürt awtonom regionynyň paýtagty Irbil şäheriniň 50 kilometr günortasyndaky esasy asfalt ýolda boldy.

Bu çaknyşyklar Yragyň Kürt awtonom regiony garaşsyzlyk ugrundaky referendumy geçirenden üç hepde soňa gabat geldi. Bu referendumy Bagdat bikanun diýip atlandyrdy.

Premýer-ministr Haýdar al-Abadi bu operasiýalaryň Yragyň “bitewiligini goramak” üçin zerurdygyny aýtdy.

Bagdat hökümet güýçleri demirgazyk Yragyň beýleki böleklerine, şol sanda Nineweh we Diýala welaýatlaryndaky territoriýalara gelmezden öň, peşmerga söweşijileriniň bu ýerden çykarylandygyny aýdýar.

Şu hepdäniň başynda Yragyň esgerleri we olaryň ýaran güýçleri Kirkuk şäheriniň gözegçiligini ele geçirdiler.

XS
SM
MD
LG