Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan öňki ilat ýazuwynyň netijelerini yglan etmän, täzesini geçirmegi planlaşdyrýar


2012-nji ýylda Türkmenistanda ilat ýazuwy geçirilen mahaly, raýatlaryň mobil telefonlaryna ugradylan sms

Türkmen häkimiýetleri 2022-nji ýylda ýurtda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň nobatdaky uçdantutma ýazuwynyň geçirilmeginiň planlaşdyrylýandygyny habar berdiler. Şol bir wagtda, ýurtda mundan bäş ýyl çemesi ozal geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri şu güne çenli halk köpçüligine mälim edilmän gelýär.

19-njy oktýabrda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary G.Myradow “bu çäräniň geçirilişine düýpli taýýarlyk görmek, guramaçylyk meselelerini wagtynda çözmek maksady bilen döwlet toparyny döretmegiň göz öňünde tutulýandygyny” aýtdy.

Resmi metbugatda bellenilmegine görä, bu çäre 2015-nji ýylyň 10-njy iýunynda BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň kabul eden “Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň 2020-nji ýyldaky ýazuwynyň Bütindünýä maksatnamasynyň” kararnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylar.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäräniň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, onuň netijeleri “ýurduň durmuş-ykdysady syýasatyny kämilleşdirmek, möhüm milli maksatnamalary işläp taýýarlamak, ilatyň demografiýa ýagdaýyna baha bermek üçin wajyp bolup durýar” diýdi.

Şeýle-de, ol ilat ýazuwynyň “maglumatlarynyň jemlenilmeginiň durmuş we ykdysady ulgamlarda ýerine ýetirilmeli çäreleri kesgitlemekde möhüm esas bolup durýandygyny” aýtsa-da, türkmen häkimiýetleri ýurtda soňky gezek geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerini indi ençeme ýyl bäri malim etmän gelýär.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy iň soňky gezek 2012-nji ýylyň 15-26-njy dekabry aralygynda geçirilipdi. Şonda bu çäräni geçiren Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti öz resmi web-saýtynda bu ýazuwyň tapgyrlaýyn deslapky netijeleriniň 2013-nji ýylyň iýul-awgust aýlarynda, soňky netijeleriniň 2014-nji ýylda yglan ediljekdigi mälim edipdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda geçirilen soňky ilat ýazuwynyň netijeleriniň yglan edilmezliginiň sebäpleri barada düşündiriş bermän gelýärler. Hatda soňky ýyllarda resmi metbugatda 2012-nji ýyldaky geçirilen ilat ýazuwy asla agzalmaýar.

Bu meselä iň soňky gezek 2014-nji ýylyň 4-nji aprelinde geçen hökümet maslahatynda üns çekilip, şonda Berdimuhamedow ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijelerini jemlemek boýunça işleri tizleşdirmek barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedowa görkezme beripdi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň 2006-njy ýylda çap eden 2000-2005-nji ýyllar aralygy boýunça statistik ýyllyk hasabatynda ýurduň ilatynyň sany 2000-nji ýylda 5 million 369,4 müň adam bolan bolsa, 2005-nji ýylda ýurduň ilatynyň sany tas 1,5 milliona golaý köpeldilip, 6 million 746,5 müň adama ýetirilipdir.

Türkmenistanda ilat ýazuwy iň soňky gezek 1995-nji ýylda geçirilipdi. Şonda ýurduň çäginde 4 million 481 müň adam ýaşaýandygy barada maglumat berlipdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG