Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde jeňçiler polisiýanyň azyndan 52 ofiserini öldürdiler


Müsür polisiýasy bäş sany polisiýa ofiseriniň öldürilen ýerinei barlaýar. Arhiw suraty.
Müsür polisiýasy bäş sany polisiýa ofiseriniň öldürilen ýerinei barlaýar. Arhiw suraty.

Müsürde ýurduň günbataryndaky çöllükde, 20-nji oktýabrda “Yslam döwleti” toparynyň bukusyna geçirilen reýd mahalynda bolan atyşykda azyndan 5ä sany polisiýa işgäri öldürildi, 6-sy ýaralandy diýip, howpsuzlyk resmileri aýtdylar.

Içeri işler ministrliginiň beýanatynda käbir “terrorçy” hüjümçileriň hem öldürilendigi aýdylýar, emma jikme-jiklik berilmeýär.

Howpsuzlyk işgärleriniň bir topary ýaralandy we ölenleriň sanynyň köpelmegi ahmal diýip, resmiler aýtdylar.

Howpsuzlyk çeşmeleri polisiýanyň konwoýynyň “Hasm” ekstremist toparynyň güman edilýän bukusyny yzlap barýan wagty jeňçileriň gabawyna düşendigini, belent ýerden granatamýot okuna tutulandygyny aýtdylar.

“Hasm” soňra hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy we beýanat çap edip, howpsuzlyk güýçleriniň 28 agzasynyň öldürilendigini, 32-siniň ýaraly bolandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG