Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Gazagystanyň haýyşy esasynda gazak bloggerini tussag etdi


Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwist we blogger Žanar Ahmet
Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwist we blogger Žanar Ahmet

Prezident Nursultan Nazarbaýewiň hökümetini tankyt edensoň, Ukraina gaçyp gelen gazak bloggeri Gazagystanyň hökümetiniň haýyşy esasynda Kiýewde tussag edildi. Žanar Ahmet Gazagystana ekstradisiýa edilmek bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Ahmet gazak häkimiýetleriniň bidüzgünçilikde aýyplap, tussag etmek barada çykaran kararyna esaslanyp, 21-nji oktýabrda Kiýewde tussag edildi diýip, gazak bloggeriniň aklawçysy aýtdy.

Aklawçy Wladyslaw Hryşçenkonyň aýtmagyna görä, Ahmet gazak häkimiýetleriniň haýyşyna görä, Interpolyň “gyzyl duýduryş” diýlip atlandyrylýan gözleg sanawyna goşulypdyr.

Kiýewiň regional polisiýasynyň metbugat wekili Mykola Žukowyç ukrain häkimiýetleri Gazagystanyň ekstradisiýa haýyşyny gözden geçirýän mahaly, sud Ahmediň tussaglygyny uzaltmak ýa-da uzaltmazlyk barada 72 sagadyň dowamynda karar çykarmaly diýdi.

Ahmet Gazagystanda özüniň howpsuzlygyndan alada edýändigini aýdyp, dokuz ýaşyndaky ogly bilen şu ýylyň mart aýynda ýurdy terk edipdi.

XS
SM
MD
LG