Sepleriň elýeterliligi

Lebap daýhan birleşiginiň nägile kärendeçileri arçyny daşlapdyrlar


Lebaply kärendiçiler. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda garaşsyzlykdan soňky iň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigini aýdylýan döwri ýurtda halkyň ýerli häkimiýetlere bildirýän nägilelikleriniň hem köpelýändigi barasynda maglumatlar gowuşýar.

Adynyň efirde tutulmagyny islemedik şerti bilen Azatlyk Radiosyna ýüz tutan Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň Lebap daýhan birleşiginiň käbir ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, pagta ýygymynyň ikinji tapgyryna geçilýän häzirki döwründe henizem kärendeçilere pullary tölenmeýär; üste sine-de olara pagta ýygymynda hakyna tutulýan edaradyr-kärhanalaryň işgärlerine öz jübüsinden zähmet haky tölemäge mejbur edilýär.

Olaryň beren maglumatyna görä, 12-nji oktýabrda günortan naharynyň arakesmesinde Raýdaşlyk obasynyň kärendeçileri öz nägileligini bildirmek üçin Lebap daýhan birleşiginiň arçyny pagta meýdanyna çagyrypdyr.

Lebap daýhan birleşiginiň arçyny nägilelik bildirmek üçin bir ýere jemlenip özüni gürrüňdeşlige çagyran kärendeçilere olara tölenmeli pullaryň Aşgabat-2017 oýunlaryna gönükdirileni sebäpli, tölegleriň tölenmeýändigini we pul gelen mahaly her kimiň bank hasabyna geçiriljekdigini düşündiripdir.

Şonda kärendeçiler arçyna tölegleriň köp wagtdan bäri tölenmeýändigini, adamlaryň öz mal-garalaryny satyp ýa-da karz pul alyp pagta ýygdyrýan kömekçilerine zähmet hakyny tölemeli bolýandygyny, ýöne indi kärendeçileriň elinde pula öwürer ýaly hiç zadyň galmandygy sebäpli pagta ýygymynyň bu ýagdaýda dowam edip bilmejegini nygtapdyrlar.

Raýdaşlyk obasynyň nägile kärendeçileriniň pagta ýygyma dowam etmekden ýüz öwürmegine gaharlanan Lebap daýhan birleşiginiň arçyny olara "Hany siz atyňyzy nirä çenli ýüwürdip bilýäňiz göreli. Giden ýerine çenli gidiriň hany atyňyzy, göreli bakaly" diýipdir.

Şeýle sözleri eşiden nägile kärendeçiler ýerli ýerden arçyny daşlamaga başlapdyrlar. Ýaşulularyň ara girip, töwella etmäge synanşygy pursadyndan peýdalanan Lebap daýhan birleşiginiň arçyny hem pagta meýdanyndan gaçypdyr.

Aýdylşyna görä, Lebap daýhan birleşiginiň arçyny nägile kärendeçileriň özüni daşlap protest etmeginden soň, ýagdaýy maslahatlaşmak üçin Sakar etrabynyň häkimligine gidipdir. Häkimligiň resmileri bolsa, pagta ýygymyna dowam edip bilmeýän kärendeçileriň barynyň elinden kärende ýerini alyp, şol obadaky ýa-da daýhan birleşigindäki gurby çatýanlara paýlanyp berilmegini tabşyrypdyr.

Muny eşiden nägile kärendeçileriň wekilleri etrap häkimligine baranda, ýerli ýolbaşçylar olara "Biz beýle görkezme beremzok. Gidiň öz ýagdaýyňyzy öz arçynyňyz bilen çözüň" diýipdir. Netijede, nägile kärendeçileriň köpüsi ýagdaý aýyl-saýyl edilýänçä işden sowap, pagta ýygymyny dowam etdirmezlige karar beripdir.

Azatlyk Radiosyna ýüz tutan kärendeçiler, diňe öz maddy ýagdaýy bolanlaryň bolsa, kömekçi tutup, olaryň zähmet hakyny öz jübüsinden töläp, pagta ýygymyna dowam edýändigini habar berýär.

Howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde tutulmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň Lebap daýhan birleşiginiň käbir ýaşaýjylary-da ol ýerde şeýle ýagdaýyň bolandygyny we nägileligiň hem kärendeçiler bilen ýolbaşçylaryň arasyndaky dartgynlylygyň dowam edýändigini tassyklaýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG