Sepleriň elýeterliligi

Türkmen, rus diplomatlary terrora garşy çäreleri utgaşdyrmagy ylalaşdy


Türkmen-owgan serhedi

Rus we türkmen diplomatlary iki ýurduň arasynda terrora garşy göreş tagallalaryny utgaşdyrmak barada ylalaşdy diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni aýtdy.

RussiýanyňTASS habar gullugynyň Moskwadan ýaýradan habarynda aýdylmagyna görä, Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleg Syromolotow bilen Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň gatnaşmagyndahalkara terrorçylygyna garşy göreş meselelerine bagyşlanyp, Rus-Türkmen konsultasiýalary geçirildi.

“Taraplar halkara terrorçylygyna garşy durmak hyzmatdaşlygyny iki döwletiň arasyndaky syýasy derejelerde we degişli gulluklar derejesinde pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar” diýip, ministrlik aýtdy.

"Rus we türkmen diplomatlary hyzmatdaşlygy esasy halkara formatlarynyň çäginde, Birleşen Milletler Guramasynyň we Howpsuzlyk geňeşiniň terrorizme garşy alyp barýan tagallalaryna goşulmak bilen utgaşdyrmak zerurlygyny nygtadylar” diýip habarda aýdylýar.

Şeýle-de diplomatlar bu tagallalary “Yslam döwleti” terror toparyny (Russiýada gadan edilen)we şuňa meňzeş beýleki guramalary derbi-dagyn etmek, terrorizmi maliýeleşdirmegi we terror ideologiýasyny ýaýratmagy togtatmakboýunça alnyp barylýan global tagallalaryň çäginde utgaşdyrmak zerurlygyny bellediler.

Mundanam başga taraplaryň Merkezi Aziýadakyhowpsuzlyk meselelerini, şol sanda goňşy Owganystandan gelýän terror dahylly wehimleri ara alyp maslahatlaşandyklary aýdylýar.

Konsultasiýalar Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk ruhunda geçirildi diýip, rus DIM-niň websaýtynda bellenilýär.

Ýatladýarys, oktýabr aýynyň başyndan bäri türkmen-rus gatnaşyklary ýygjamlaşyp başlady, Wladimir Putin aýyň başynda, bäş ýyllyk arakesmeden soň Aşgabada sapar etdi; prezident Berdimuhamedow 11-nji oktýabrda GDA-nyň Soçide geçirilen sammitine gatnaşyp, rus kärdeşine “Wepaly” atly türkmen güjügini sowgat berdi.

Soňra, 18-nji oktýabrda RF-nyň döwlet sekretarty, daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasin Aşgabada sapar edip, türkmen prezidenti we daşary işler işler Ministri Reşid Meredow bilen duşuşdy.

Mundan öň rus metbugatynda rus harbylary we ekspertleri tarapyndan türkmen-owgan serhediniň mümkin bolan terror howpuna garşy durmaga taýýar däldigi hakynda pikirler aýdylypdy.Ikinji tarapdan, rus resmileri soňky ýyllarda ençeme gezek türkmen-rus serhedini berkitmäge kömek bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Türkmen metbugaty Wepa Hajyýewiň gatnaşmagynda geçirilen duşyşyk barada maglumat bermedi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG