Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň teatrynyň direktory tussag edildi diýilýär


Russiýanyň Ýaşlar akademiýa teatrynyň direktory Sofia Apfelbaum
Russiýanyň Ýaşlar akademiýa teatrynyň direktory Sofia Apfelbaum

Russiýada pul ogurlamak aýyplamalary bilen baglanyşykly ýokary derejede geçirilýän sud derňewleri boýunça Moskwanyň teatrynyň başlygynyň tussag edilendigi habar berilýär.

“Rus Sidýaşçaýa” toparynyň başlygy Olga Romanowanyň 26-njy oktýabrda Facebook sahypasynda ýazan maglumatyna görä, Moskwanyň polisiýasy tanymal teatr we film režissýory Kirill Serebrennikowa garşy dowam edýän galplyk sud işi bilen baglanyşykly Russiýanyň Ýaşlar akademiýa teatrynyň direktory Sofia Apfelbaumy tussag etdi.

“Izvestia” gazeti Apfelbaumyň ýurduň federal Derňew komitetinde soraga çekilenden soň, polisiýa tarapyndan tussag edilendigini ýazdy.

Şu ýylyň awgust aýynda Serebrennikow 2011-2014-nji ýyllar aralygyndaky proýekt üçin berlen 68 million rubly, ýagny 1,1 million amerikan dollaryny bikanun öz hasabyna geçirmekde aýyplanypdy. Ol häzirki wagt öý tussaglygynda saklanylýar.

XS
SM
MD
LG