Sepleriň elýeterliligi

Krym tatarlarynyň lideri Orsýetiň gol astyndaky ýurduna dolanyp barjakdygyny aýdýar


Krym tatarlarynyň lideri Ilmi Umerow

Şu hepde kärdeşi Ahtem Çiýgoz bilen Orsýetiň basyp alan öz watanlarynda tussaghanadan boşadylan Krym tatarlarynyň lideri Ilmi Umerow Gara deňiz aýlagyna “dolanmaga synanyşjakdygyny” aýdýar.

Rus häkimiýetleri tarapyndan güýji ýitirlen Krym tatarlarynyň özbaşdak dolandyryş Mejlisiniň başlygynyň orunbasarlary Umerow bilen Çiýgoz 25-nji oktýabrda garaşylmadyk ýagdaýda rus tussaghanasyndan azatlyga goýberilip, olar Türkiýä gitdiler.

26-njy oktýabrda Ukrainanyň Ankaradaky ilçihanasynda žurnalistleriň öňünde çykyş eden Umerow özüniň-de Çiýgozuň-da haýsy şertlerde azatlyga goýberilendikleri dogrusynda özlerinde hiç hili maglumatyň ýokdugyny we rus häkimiýetleriniň olara Kryma dolanmaga rugsat berip bermejekdiklerini bilmeýändigini aýtdy.

Men [dolanmaga] synanyşmajakdygymy hiç kim wada bermedim ýa-da muňa kepil geçmedim. Aradan biraz wagt gecensoň men, elbetde, Kryma dolanmaga synanyşaryn diýip, Umerow aýtdy. Olaryň ikisiniňem 27-nji oktýabrda Kiýewe uçmaklaryna garaşylýar.

Orsýet 2014-nji ýylyň mart aýynda Krymy Ukrainadan alyp, ol ýere nyşansyz uniformaly goşunlaryny saldy we referendum geçirdi. Orsýetiň geçiren referendmyny 100 döwlet, şol sanda Birleşen Ştatlary bilen Ukraina legitim däl diýip yglan etdi.

Hukuk goraýjy toparlar musulman Krym tatar azlyklaryna we basypalyjylyk bilen razylaşmaýan beýleki toparlara garşy Orsýetiň zor bilen gysyş kampaniýasyny ýöredýändigini habar berýärler.

Ankarada žurnalistler bilen gürrüňdeşlikde Çiýgoz uçarda wagtlary özleriniň azatlyga çykandyklaryny we Türkiýä barýandyklaryny bilmändiklerini aýtdy.

Biz nämeleriň bolup geçýändiginden doly bihabardyk. Olar meni tussaghanadan, Ilmini hassahanadan aldylar diýip, Çiýgoz žurnalistlere gürrüň berdi. Ol özleriniň “türmä äkidilýändiris ýa-da Orsýetde başgaçarak ykbala duçar edilýändiris” öýdüp gorkandyklaryny hem mälim etdi.

Krymda biziň adamlarymyza garşy edilýän giň gerimli zalymlarça repressiýadan habarly bolansoň, biziň ýeke täk göz öňüne getirip bilen zadymyz ýagdaýlaryň biziň üçin has-da erbetleşmegidi diýip, ol gürrüň berdi.

Çiýgoza bikanun demonstrasiýa gurnamak aýyplamasy boýunça ýyl kesilip ol 11-nji sentýabrda 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Amnesty International bu sud edişligi “galp” atlandyrypdy.

Umerowa 27-nji sentýabrda “seperatizm” boýunça ýyl kesilip ol iki ýyl koloniýa şertlerinde ýaşamaga höküm edildi. Bu ýerde mejbury zähmete çekilýän adamlar işleýän kärhanalaryň ýa-da ekin meýdanynyň golaýynda ýaşamaly bolýarlar.

Süýji keselinden we parkinson keselinden ejir çekýän Umerowy 2016-njy ýylyň awgustynda zor bilen psihiatrik keselhana ýerleşdirdiler. Bu karary Human Rights Watch “onuň hukuklarynyň aýlyganç bozulmagy” diýip häsiýetlendiripdi.

Hukuk goraýjy toparlar we Günbatar hökümetleri olara ýyl kesilmegini ýazgaryp, bu çäreleri Orsýetiň Krymy ele geçirmeginden bäri dowam etdirýän zulmunyň bir bölegi atlandyrdy.

Ýewropanyň parlamenti mart aýynda Orsýeti Krymda we ruslaryň penasyndaky seperatistleriň gözegçiliginde saklanýan günodogar Ukrainanyň dürli çäklerindäki türmelerde ýa-da başga şertlerde azatlygy çäklendirilen 30-dan gowrak Ukrain raýatyny erkinlige goýbermäge çagyrdy.

Olaryň köpüsi tussaglykda saklanýar. Ýewropa Bileleşiginiň 25-nji oktýabrda Umerow bilen Çiýgozyň boşadylmagyndan hoşal bolup ýaýradan beýanatynda “Krym ýarymadasynda we Orsýetde bikanun tussag edilen” ähli ukrain raýatlarynyň dessine azatlyga goýberilmekleri talap edildi.

Ýewropa Bileleşigi Orýsetden Krym tatarlarynyň özbaşdak dolandyryş Mejlisiniň işlerini gadagan etmek boýunça alan kararyny ýatyrmagyna, Krym tatarlarynyň hukuklaryny, şol sanda ýygnanyşmak we söz azatlygyna hormat goýmagyna garaşýar diýlip, beýanatda aýdylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG