Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ispaniýa Kataloniýany öz gözegçiligine alyp, separatist hökümeti dargatdy


Ispaniýanyň premýer-ministr Mariano Rajow
Ispaniýanyň premýer-ministr Mariano Rajow

Ispaniýa Kataloniýany öz gözegçiligine aldy we separatist hökümeti dargatdy.

Bu çäre Kataloniýanyň regional parlamentiniň 27-nji oktýabrda garaşsyzlygyny yglan etmeginiň yzýany amala aşyryldy.

Premýer-ministr Mariano Rajow Kataloniýanyň prezidenti Karles Puigdemontyň karar çykaryjy ygtyýarlygyny öz eline alyp, bu demirgazyk-gündogar regionyň parlamentini dargatdy.

Rajoy regional saýlawlaryň 21-nji dekabrda geçirilmegine çagyryş etdi.

Kataloniýanyň baş resmileri tarapyndan dessine jogap bolmady.

Ispaniýanyň hökümeti Kataloniýanyň regional polisiýa güýçleriniň ýolbaşçysy Josep Lluis Traperony hem iş başyndan çetleşdirdi diýip, resmi hökümet neşri 28-nji oktýabrda habar berdi.

Şeýle-de, Trapero Barselonada müňlerçe protestçiniň garaşsyzlygy talap edip 1-nji oktýabrda geçiren demonstrasiýasynda Ispaniýanyň graždan polisiýasyna kömek bermekden ýüz öwürendigi üçin gozgalaňçylyga baş goşmakda aýyplanýar.

Geçen hepdede Ispaniýanyň Ýokary sudy Traperonyň ýurdy terk etmegine gadagançylyk girizdi we onuň pasportuny elinden aldy. Ol tussag edilmedi.

Regional parlamentiň garaşsyzlyk boýunça geçiren ses berişliginiň yzýany Barselonada müňlerçe adam deklarasiýany dabaralamak üçin şäheriň merkezine jemlendi. Olaryň ençemesi Kataloniýanyň regional hökümetiniň binasyndan Ispaniýanyň baýdagyny aýyrmagy teklip etdi.

Separatizme garşy protestçileriň hem ýüzlerçesi Ispaniýanyň baýdagyny göterip, köçelere çykdy.

Kataloniýanyň garaşsyzlygyna garşy çykyş edýän adamlar 28-nji oktýabrda paýtagt Madridde ýöriş geçirdiler. Müňlerçe adam Ispaniýanyň baýdagyny göterip, paýtagtyň merkezinde jemlendi.

Bu krizis Kataloniýanyň liderleriniň regionyň garaşsyzlygy barada 1-nji oktýabrda geçirilen referendumynyň yzýany döredi. Madrid bu referendumy bikanun atlandyrdy. Ýewropa Bileleşigi hem referenduma garşy çykdy.

Kataloniýanyň kanun çykaryjylary referendumda ses berijileriň 90%-den gowragynyň regionyň garaşsyzlygyny goldandygyny aýtdylar.

Ispaniýanyň ýaranlary Madride goldaw bildirdiler.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti öz beýanatynda Kataloniýanyň Ispaniýanyň bir bölegi bolup durýandygyny belledi we Waşingtonyň Ispaniýanyň hökümetiniň ýurduň bütewüligi ugrundaky çärelerini goldaýandygyny mälim etdi.

7.5 million ilatly Kataloniýa Ispaniýanyň iň baý regiony hasaplanýar. 15-nji asyrdan bäri Ispaniýanyň düzümine girýän bu regionda separatizm duýgulary güýçli bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG