Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan Gazagystan bilen serhetdäki bökdençliklerden zyýan çeken telekeçilerine ýeňillik döreder


Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň özara serhedindäki "Ak Žol" geçelgesi, 18-nji oktýabr, 2017.

Gyrgyzystanyň hökümeti ýurduň Gazagystan bilen serhedinde dörän bökdençlikler sebäpli zyýan çeken telekeçiler üçin kömegi göz öňünde tutýan kanuny kabul etdi.

Premýer-ministr Sapar Isakowyň 30-njy oktýabrda aýtmagyna görä, gol çekilen dokumente görä, söwdegärler we telekeçiler çeken ýitgileriniň öwezini dolmak üçin salgyt ýeňilliklerinden peýdalanyp bilerler.

Gyrgyzystan serhetde uly nobatlaryň döremeginde, syýahatçylaryň, ulaglaryň serhetden haýal geçmeginde Gazagystany aýyplaýar we bu ýagdaýyň Gazagystanyň 10-njy oktýabrdan başlap serhet barlaglaryny aktiwleşdirmeginiň yzýany dörändigini aýdýar.

Bu ýagdaýyň ýüze çykmagynyň öňýanynda Almazbek Atambaýew Gazagystany Gyrgyzystanyň 15-nji oktýabrda geçiren prezidentlik saýlawlaryna goşulmakda aýyplady we prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ýurduň başynda uzak wagtlap galmagyny tankyt etdi.

Gazagystanyň häkimiýetleri serhet barlaglarynyň güýçlendirilmeginiň hiç hili syýasy sebäp bilen bagly däldigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG