Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet syýasy repressiýalaryň pidalarynyň ýadygärligini açýar


Sowet döwrüniň syýasy repressiýalarynyň pidalarynyň hayrasyna dikilen “Gynanç diwary” atly ýadygärlik, rus skultpory Georgy Frangulýanyň eseri, Moskwa.
Sowet döwrüniň syýasy repressiýalarynyň pidalarynyň hayrasyna dikilen “Gynanç diwary” atly ýadygärlik, rus skultpory Georgy Frangulýanyň eseri, Moskwa.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ýurda gözegçilik etmekde ulanýan usullarynyň daşyndaky gapma-garşyklaryň dowan edýän wagtynda onuň sowet döwrüniň syýasy repressiýalarynyň pidalarynyň hayrasyna dikilen ýadygärligiň açylyş dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýar.

“Gynanç diwary” 30-njy oktýabrda Syýasy repressiýalaryň pidalarynyň matam güni açylýar. Bu sene ilkinji gezek 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargan ýylynda esaslandyrylypdy.

Kreml Putiniň Adam hukuklaryny goraýjylaryň we raýat jemgyýetiniň geňeşinde syýasy repressiýalaryň pidalaryny ýatlamak boýunça döwlet syýasaty barada maslahat geçirmeginden soň ýadygärligiň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygyny habar berdi.

Ýadygärlik Moskwanyň merkezinde, 1975-nji ýylda Parahatçylyk ugrunda Nobel baýragyna eýe bolan sowet alymy dissident Andreý Saharowyň adyny göterýän köçede ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG