Sepleriň elýeterliligi

Stambulda aýaly ýitirim bolan türkmen migranty kömek gözleýär


Stambul şäheri

Türk mediasynda türkmenistanly migrant Ylýas Meredowyň 20-nji oktýabrdan bäri ýitirim bolan Dürligözel Ýazlyýewa atly aýalyny gözleýändigi barasynda maglumat ýaýrady.

Türk mediasynda berilýän maglumatda, 29 ýaşyndaky türkmenistanly raýat Ylýas Meredowyň 5 ýyl mundan ozal öýlenen aýaly bilen 4 ýaşyndaky çagasyny Türkmenistandaky hossarlaryna goýup, 19-njy sentýabrda Stambula zähmet migrantlygyna gelendigi we ol ýerde täze durmuşa gadam basandygy aýdylýar. Şeýle-de, türkmen är-aýal migantynyň Stambulda dürli kynçylyklara döz gelmeli bolandygy we olaryň işleriniň ugruna gitmändigi nygtalýar.

Azatlyk Radiosy Stambuldaky çeşmeleriniň üsti bilen gyz hem oglan tarapy bilen aýratynlykda gürrüňdeşlik geçirdi.

Gyz tarapynyň berýän maglumatyna görä, Dürligözel Ýazlyýewa 2017-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda ýitirim bolýar. Olar bu barada sosial mediada bildiriş ýaýradyp, gören-eşidenden özlerine ýa-da şol ýerde ady agzalýan bir migrasiýa geňeşdarlyk firmasyna maglumat bermegi haýyş edýärler. Bildirişiň ýany bilen onuň şahsy maglumatlaryny beýan edýän bir resminama hem görkezilýär. Resminamada ýitirim bolandygy aýdylýan Türkmenistanyň raýaty Akmuhammet bilen Täjiň gyzy Dürligözel Ýazlyýewanyň 1990-njy ýylyň 27-nji fewralynda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda doglandygy, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň ýaşaýjysydygy, 2017-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda hem Türkiýäniň göç edarasyna ýaşaýyş rugsady üçin arza berendigi mälim edilýär.

Azatlyk Radiosyna maglumat beren bir türkmen migrantyň aýtmagyna görä, Ylýas Meredow myhmançylykda bolýan öýünde alkogolly içgi içip, özüni urany sebäpli aýaly Dürligözel Ýazlyýewa hem ähli zadyny taşlap, öýden çykyp gidipdir. Stambuldaky çeşme olaryň arasyndaky oňşuksyzlygyň Türkmenistandan bäri dowam edýändigi we adamsynyň hem yzygiderli içip aýalyna azar berýändigi barasynda gep-gürrüňleriň aýdylýandygyny bildirýär.

Ýitirim bolandygy aýdylýan türkmen zähmet migrant zenanyň adamsy Ylýas Meredow bilen Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmesi gürrüňdeş boldy.

"Gelnim öýden "iş tapyp berýän firma baryp geljek" diýip çykyp gitdi. Ondan soň gelnim yzyna dolanmady. Soň gelnimi gözläp başladym. Gyz tarapyň aýdyşy ýaly, men içip ony urýan bolsam näme üçin türk telekanallaryna çykyp, özümi görkezip masgara bolaýyn? Maňa biri jaň edip: "Gelniň pylan ýerdäki geňeşdarlyk firmasynda otyr" diýdi. Men ol ýere baryp, gelnimi alyp gaýtjak bolsam, onuň agasy ýanyndaky türkmen we türk adamlary bilen meni deňiz kenaryna bir çete çykaryp, ýenjip, "gaýdyp ýanyna golaýlaşaýma, bolmasa seni öldüreris" diýip haýbat atdylar. Ýanymdaky bar pulumy we pasportumy hem aldylar" diýip, ýitirim bolandygy öňe sürülýän türkmen migrant zenan Dürligözel Ýazlyýewanyň adamsy Ylýas Meredow Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmesine başdan geçirenlerini gürrüň berýär.

Şeýle-de, ol: "Men pasportym elimden alnany sebäpli, hiç bir ýere ýüz tutyp bilemok. Eger pasportymy olardan alyp bilmesem, onda Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygyna baryp, ýurda dolanmaga hat alyp yzyma dolanjak, indi bärde işlejegem däl we şol aýalyň ýüzüni görjegem däl. Aýalym göni meniň gözlerime seredip, Stambulda daşary ýurtlulara araçylyk edýänleriň ýanynda "Men seniň bilen ýaşaşjak däl mundan beýläk" diýdi. Häzir näme etjegimi bilemok dogrusy. Stambulyň Sefaköý-Osmanbeý diýen ýerinde 6 sany bikanun türkmen migrantynyň ýanynda bolýardyk aýalym bilen. Onsoň şol 6 sany bikanun türkmen migranty hem türk polisi gelip tutup alyp gidipdir. Häzir olar Sefaköý-Osmanbeýdäki polis merkezinde göz astynda saklanýarlar" diýdi.

Ylýas Meredow şol bir wagtyň özünde Sögütlöçeşmedäki bir araçy firmanyň hem özüne "Aýalyň işinde polisi ara goşaýmagyn, bolmasa boljagyň başgaça bolar" diýip haýbat atýandygyny hem öňe sürýär.

Gepiň gerdişine görä belläp geçsek, Türkiýe türkmen migrantlarynyň ýykgyn edýän esasy ýurdy bolup durýar. Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň hasabatlarynda, ýurtdaky türkmen migrantlaryň sanynyň ýüzlerçe müňe baryp ýetýändigi aýdylýar we olaryň aglaba köpçüliginiň hem köne pasportly hem bikanun ýagdaýdaky migrantlardygy bellenilýär.

Sözi jemläp aýtsak, Türkmenistanyň döwlet kontrollygyndaky metbugatynda migrantlaryň başdan geçirýän ýagdaýlary barasynda söz açylmaýar. Şeýle-de, türkmen migrantlaryň ykballary hakda degişli türk we türkmen resmilerden nähilidir bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak hem Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

XS
SM
MD
LG