Sepleriň elýeterliligi

Golaýda Türkmenistanyň turizmi barasynda bir makala okadym. Men turizm baradaky döwlet işgäri. Şonuň üçinem bu temadaky "Ruhumyň nalyşyny" çap etmegiňizi haýyş edýärin.

Ilki bilen şu ýylyň başynda turizm baradaky döwlet komitetiniň başlygy öz garamagyndaky edaralaryň, myhmanhanalaryň, turizm wekilhanalarynyň we beýleki degişli ýerleriň işgärleriniň ýarym iş güni düzgünine geçmegini talap edip buýruk berdi. Aslynda biz muňa garamazdan, uzakly gün we hatda ondanam köp wagtlap işleýäris. (...)

Ol gündelik, hepdelik, aýlyk, möwsümlik, ýarym ýyllyk we ýyllyk hasabatlary ýygnaýar. Bize işlemek nämä gerek, biz şeýle hasabat işleri bilen meşgullanýarys ahbetin. (...) Haçan-da Ministrler kabinetiniň ýygnagy bolanda, Türkmenistanyň turizm baradaky döwletiniň maliýe hem ykdysady işleri barasynda görkezijiler aýan edilýär we biz muňa bir hepdeläp gülýäris. Onsoňam olary hiç kim barlabam duranok.

Olar nädip şeýle görkezijileri nirden oýlap tapýarlar? Näme üçin hususy gezelenç firmalarynyň çeken zähmeti we gazanan girdeýjisi Türkmenistanyň turizm baradaky döwlet komitetiniň finans hem ykdysady hasabatyna dahylly edilýär?

(...) bizi ýurda gelen daşary ýurtly turist sanyny köpeldip görkezmäge mejbur edýärler. (Aslynda olaryň sany juda az. 2016-njy ýyla degişli maglumaty barlap göräýiň. Şol ýyl Türkmenistanyň hususy we döwlet gezelenç firmalarynyň üsti bilen ýurda bary-ýogy 9000 turist gelipdir. Muňa daşary ýurtlara giden türkmenistanly raýatlary hem goşýarlar we olar aslynda ýurtdan ymykly göçüp gidenler, ýagny olar turist däl ahbetin). Şeýle-de, bu sana ýurduň içindäki turizmiň görkezijilerini hem goşýarlar (biz döwlet işgärleri barybir bu iş üçin pul sowýarys we şeýle işler üçin toslama sanlar ýazýarys ýa-da bir günlük Awazada dynç alan bolup gaýdýarys), sanlary ulaldyp ýazýarlar we olary hamala daşary ýurtly turist ýaly edip görkezýärler!

(...) Hususy firmalary gündelik ähli ýygnaklara gatnaşmaga mejbur edýärler. Şeýdip, olaryň howuny basmak, olary gorkuzmak, peseltmek we olara öz diýenini etdirmek isleýärler. (...) Başga ministrlikleriň hiç birem şular ýaly hususy firmalary gynamaýar. Sebäbi olar şeýle işden jogap bermeli boljagyna gowy göz ýetirýär. Olara düşündiriň. Hususy firmalaryň öz ýolbaşçylaryndan we başlyklaryndan ýokarda hiç kim ýok we hut şol sebäpden olar hususy eýeçilikde. Onuň özi bolsa diňe rugsatnama berýän bir edara. Diňe turizm pudagy ynha şeýle aýratynlyga eýe. Sebäbi olaryň arkasynda Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýolbaşçysy bilen ýurdy dolandyrýan ýeke-täk maşgalanyň dogan-garyndaşlary durýarlar. Şonuň üçinem bu ugurdaky arza-şikaýatlara seredilmeýär.

Eger siz onda meniň näme üçin şeýle döwlet işinde işleýändigimi sorajak bolsaňyz, onda munyň ýekeje jogaby bar. Men turizmi söýýärin we ýokary derejede daşary ýurt dillerini bilýärin. Şeýle-de, men maşgalamy eklemeli. Eger men has köp turiste hyzmat edýän we has köp aýlyk berýän hususy turizm firmasyna geçäýsem, onda ol firmanyň ýapylmajagyna hiç kim güwä geçip bilmeýär. Olaryň ýapdyrmajak bolup nähili işleýändigini bolsa men aýdypdym. (...)

Döwlet komitetiniň welaýatlardaky bölümleri diňe kagyzlar bilen başagaý. Gezelençlere, salgyda we aýlyga tölär ýaly pul ýok. (...) Biziň hemmämizem gowy bilýäris, täze bäş firmanyň her biriniň kada-kanunlara gabat gelmeýändigine garamazdan, özlerine şahadatnama we rugsatnama almak üçin 100 müň dollar para-peşgeş berendigini (internetde bu barada makala çap edilipdi, şonuň üçin muny gaýtalap oturjak däl). Olaryň ulanýan şahadatnama kanuny 90-njy ýyllardan galan. Manysyz! (...)

Hususy firmalaryň çakylyklaryna oňaýsyz baha berýän we ony kabul etmeýän migrasiýa gullugy hut şol çakylyklary döwlet firmalarynyň üsti bilen getirende, şol turistlere rugsat berýär. (...) Elbetde, olar özlerine pajyň wagtynda tölenmegini alada edýärler. Hususy firmalar biraz öz bähbitlerini araýarlar. Şertnamalaryň hemmesi Turizm baradaky döwlet komiteti tarapyndan hasaba alynýar. Ýöne olar üçin biznes syry diýen bir kanun ýok.

Aziýada şeýle köp turist gelendir öýdýäňizmi? Bularyň hemmesi ulaldylan sanlar. (...) Kim muzduny beren bolsa, şol hem aldy. Kimde-kim bermelisini bermekden ýüz öwürdi, olaryňky hem ret edildi! Ýöne ol turistler ýurda geldiler we 17-nji sentýabrdan owal yzyna dolandylar. (...)

Döwlet firmalarynyň tölegleri barasynda ýörite durup geçmek isleýärin. Ýurtda walýuta ýok. Eýsem ol nireden nädip bolsun, henizem döwlet gezelenç firmalary syýahatlar üçin Russiýa Federasiýasyna, Ukraina, Türkiýä we beýleki ýurtlara tölegleri nagt pul bilen amala aşyrýan bolsa. Olar şeýdip salgytdan, halkara walýuta aýlanşygynyň töleginden gaçýarlar. Ondan daşaryn olaryň belli bir bölegem ýolbaşçylaryň we işgärleriň jübüsine düşýär. Hususy firmalaryň nähili işleýändigi bilen hiç kim gyzyklanmaýar. Aslynda ony subut etmek kyn däl. Diňe deňeşdirmek ýeterlik.

Daşary ýurtly turistleriň kabul edilişi hem edil şeýle ýagdaýda bolýar. Turistleriň tölegleri hem amerikan dollary görnüşinde nagt pul hökmünde getirilýär. Aslynda şertnama laýyklykda hasaba geçirilmeli. Döwletiň gezelenç firmalary hamala turist öz puluny, restorana we ulaglara nagt tölän ýaly edip, myhmanhanalara (olaryň hiç biriniň talabalaýyk awtoulag parky ýok, aslynda kanunda hökmanydygyna garamazdan) nagt pul berýär. Hatda muzeýlere hem nagt pul berilýär (hökmany suratda üç sany tölegli gezelenje çykaýmaly). Olaryň ähli bikanun işlerine hiç zat diýilmeýär we göräýende-de görmediksirän bolýar. Döwlet turizm bölümleri turizm boýunça (gezelenç firmalary) rugsatnamasyz işläp bilýärler we kanunda hem bu şeýle ýazylan. Netijede, döwletiň gaznasy salgytlar bilen walýuta girdejisini alyp bilmeýär. Ýöne bu problemany olar şeýle çözdüler, ýagny olar indi her daşary ýurtly turistden gijesine 2 amerikan dollary möçberinde turizm salgydyny alýarlar. Bu salgydyň mukdary barha azalyp gidip otyr. Olar sanlary ulaldýarlar we şeýlelikde galp hasabatlar taýýarlanýar. Eýsem olar plany ýüzden 140 göterim berjaý etdimikä?

Eger myhmansöýer Türkmenistana gezmäge barjak bolsaňyz, onda hökman salgyt, ýolbelet, wiza çakylygy, wizanyň özi we şuňa meňzeşler üçin tölemelijäňi töläýmeli. (...)

Putin bilen geçirilen metbugat ýygnagynda Russiýanyň raýatlary aýlyklaryň tölenmeýändigini, raýat haklarynyň äsgerilmeýändigini aýdyp çykyş etdi. Ol bolsa derrew herekete geçip, aýdylýanlaryň anyklanmagyna we çäre görülmegine buýruk berdi.

Biz bolsak indi kime ýüz tutmaly? Turizm meniň ýurdumda ölüpdir. (...) Diýmek, ýokardakylar üçin şeýle bolmagy gerek ýaly!

Çap edýäniňiz üçin köp sag boluň.

Sary

Bellik: Diňleýjiniň haty gysgaldylan görnüşde çap edilendir. Hatyň mazmuny eýesiniň şahsy pikiridir we onda aýdylýanlar Azatlyk Radiosynyň redaksiýasynyň pozisiýasyny ýaňzytmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

  • Howpsuzlyk üçin şu soraga jogap beriň. *

XS
SM
MD
LG