Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede ýene türkmenistanly gaçgak bosgunlar ele salyndy


Stambul şäheri

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, daşary ýurtlara bikanun ýollardan gitmäge synanyşýan gaçgak bosgun türkmenler Türkiýede yzygiderli ýagdaýda ele salynýar.

Türk mediasynda ýaýran maglumatlara görä, 1-nji noýabrda Elazyg welaýatynyň Karakoçan etrabynda, Agry we Wan welaýatlaryndaky döwlet serhedini bikanun ýoldan geçip, Stambula barýan 48 sany daşary ýurtly bosgun gaçgak türk polisi tarapyndan saklanýar.

Türk polisi Karakoçan etrabyň girişindäki ýangyç guýulýan bir düşelgede Stambula barýan gaçgak bosgunlaryň saklanandygy barasynda maglumat alýar. Polisler ol ýerde Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Birmanyň raýatlaryndan ybarat bolan aýally-çagaly, jemi 48 gaçgak bosguny ele salýar.

Etrabyň polis merkezine äkidilen gaçgak bosgunlaryň Türkiýäniň döwlet serhedini bikanun ýollardan geçendigi kesgitlenýär.

Ýerli çeşmeleriň maglumatlaryna görä, ele salynan gaçgak bosgunlaryň çagalaryna arlyk we iýmit kömegi Elazygyň welaýat, etrap we şäher häkimlikleri tarapyndan berlipdir. Şeýle-de, bosgunlaryň deportasiýa edilýänçä galjak ýeri bilen iýmitiniň hem şol edaralar tarapyndan üpjün ediljekdigi habar berilýär.

Polis çeşmeleri bolsa, türkmenistanly gaçgak bosgunlar bilen ýaranlarynyň resmi işleri tamamlanandan soň deportasiýa edilmegi üçin, Elazyg welaýatynyň migrasiýa gullugyna tabşyryljakdygyny bildirilýär.

Ýerli çeşmeler saklanan 48 daşary ýurtly bosgun gaçgakdan näçe sanysynyň türkmenistanyň raýatydygy we olaryň çagamy ýa-da zenandygy barasynda, anyk maglumat bermekden saklanýandygyny mälim edýär.

Ýeri gelende bellesek, mundan owal hem Türkiýäniň döwlet serhedini bikanun ýollar bilen geçenden soň ele salnan türkmenistanly gaçgak bosgunlar barasynda ençeme gezek maglumat berlipdi.

Sentýabr aýynyň ortalarynda Gara deňizde bikanun ýoldan Ýewropa gitmäge synanyşan bir türkmenistanly gaçgak bolsun ele salnypdy.

Ondan owal türk mediasynda ýaýran habarlarda, bikanun ýoldan Eýran-Türkiýe serhedi geçip, gaçgak ýagdaýda Bingöl şäherinden awtobus bilen Stambula gitmäge synanyşan 6 türkmenistanly, jemi 62 daşary ýurtly gaçgagyň 27-nji iýulda saklanandygy beýan edilipdi. Şeýle-de, iýul aýynyň ahyrynda, žandarm gullugynyň işgärleri tarapyndan Batman-Bitlis awtoýolunda amala aşyrylan ýol barlagy mahalynda, ýurduň Siriýa we Yrak bilen serhedinden bikanun ýoldan geçip gelen türkmenistanly, owganystanly, özbegistanly we siriýaly 3 sanysy çaga, 4 sanysy zenan, jemi 17 gaçgagyň ele salnandygy habar berildi.

Ýatladyp geçsek, Yragyň Talafar şäherinde ýesir düşen “Yslam döwleti” (YD) toparynyň söweşijileriniň maşgalalary bolmakda güman edilýän aýallaryň arasynda, Türkmenistanyň raýatlary bolan zenanlar bar diýlip, RIA-Nowosti agentligine salgylanyp, “Sputnik” neşiri habar beripdi.

Sözi jemläp aýtsak, dürli ýurtlaryň serhetlerini bikanun ýoldan geçmäge synanyşýan mahaly tussag edilýän türkmenistanly gaçgak bosgunlaryň ykballary barasynda, degişli türkmen we şol sanda daşary ýurt resmilerinden haýsam bolsa bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG