Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD topary Nýu Ýorkdaky hüjümçini ‘halifatyň esgeri’ atlandyrdy


Nýu Ýorkda bolan hüjümi amala aşyrmakda aýyplanýan Saýfullo Saipow sud jaýynda
Nýu Ýorkda bolan hüjümi amala aşyrmakda aýyplanýan Saýfullo Saipow sud jaýynda

“Yslam döwleti” (YD) atly ekstremist topar 3-nji noýabrda eden beýanatynda Nýu Ýorkda ýük ulagly hüjümi amala aşyryp, sekiz adamyň ölümine sebäp bolan hüjümçini ‘halifatyň esgeri’ atlandyrdy, diýip ABŞ-da ýerleşýän topar (SITE Intelligence Group) habar berdi.

29 ýaşly özbegistanly Saýfullo Saipow 31-nji oktýabrda Nýu Ýorkda bolan hüjüm bilen baglylykda hüjümçi bolmakda aýyplanýar.

Prokurorlar Saipowyň YD toparynyň täsiri astynda hüjümi amala aşyrandygyny boýun alandygyny aýtdy.

Polisiýa Saipowyň YD toparynyň instruksiýalaryna eýeren bolmagyna meňzeýändigini habar berdi. Suduň dokumentlerinde Saipowda mobil telefonunda YD toparynyň müňlerçe propaganda suratynyň we wideosynyň tapylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG