Ak Tam Özbegistanyň raýatlaryň ABŞ sapar etmäge gadagançylyk girizilen ýurtlaryň sanawyna girizilmeginiň ähtimallygyny aradan aýyrmaýar. Bu barada Ak Tamyň metbugat-wekili Sara Sanders žurnalistlere aýtdy.
“Biz häzirki wagtda muňa çagyrmaýarys, emma biz, elbetde, aradan aýyrmaýarys” diýip, Sanders aýtdy.
31-nji oktýabrda Nýu Ýorkda sekiz adamyň ölümine sebäp bolan hüjüme sebäpkär bolandygy habar berilýän 29 ýaşly Saýfullo Saipowyň Öbegistanyň raýatydygy aýdylýar.