Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

YD ekstremist topary Nýu-Ýork hüjümçisini ‘halyfatyň esgeri’ atlandyrdy


“Yslam döwleti” ekstremist topary Nýu-Ýorkdaky ýük ulag gyrgynçylygynda sekiz adamy öldürmekde aýyplanýan hüjümçini “halyfatyň esgeri” atlandyrdy.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän we ekstremizmi öwrenýän toparyň habar bermegine görä, 3-nji noýabrda “Yslam döwleti” ekstremist topary Nýu-Ýorkdaky ýük ulag gyrgynçylygynda sekiz adamy öldürmekde aýyplanýan hüjümçini “halyfatyň esgeri” atlandyrdy.

SITE Aňtaw topary “YD-yň” “al-Naba” atly hepdelik gazetinde çap edilen bir makalada: “Yslam döwletiniň esgerlerinden biri Nýu-Ýorkuň köçelerinde haçly ýörişiň gatnaşyjylaryna hüjüm etdi” diýilýändigini habar berdi.

31-nji oktýabrda Bütindünýä söwda merkeziniň öňki “Twin Towers” binasynyň ýerleşen ýerindäki tigir ýodasynda kireýine alyndy diýilýän ýük ulagy bilen pyýada we tigirli ötegçilere hüjüm eden 29 ýaşly özbegistanly immigrant Saýfulla Saipow terrorçylyk aýyplamalary esasynda, kazyýet jogapkärçiligine çekilýär.

Prokurorlar Saipowyň “Yslam döwleti” toparyndan ruhlanandygyny boýun alandygyny we “öz eden işinden hoşaldygyny”, hatda hüjümde polisiýa tarapyndan ýaralanansoň, öz bejergi alýan hassahanasyndaky otagyna ekstremist toparyň gara baýdagyny asmagy talap edendigini aýdýarlar.

Polisiýa Saipowyň YD-yň şeýle ulag hüjümlerini nädip amala aşyrmalydygy dogrusynda, internetde ýaýradýan görkezmelerini berk berjaý edendigini aýdýar.

2-nji noýabrda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň hüjümçä ölüm jezasynyň berilmegine gaýta-gaýta çagyryş etmeginden soňra, “YD” Saipowa eýe çykyp başlady. Şol bir wagtyň özünde, Trampyň soňky yzly-yzyna ýazan twitlerinden mälim bolşuna görä, prezident Saipowy Birleşen Ştatlaryň Kubanyň Guantanamo aýlagynda ýerleşýän harby türmesine ugratmakdan el çekene meňzeýär.

Saipowa garşy gozgalan iş boýunça alnyp barylýan kazyýet derňewinde prokurorlar günä bildirilýäniň “YD-dan” ruhlanandygyna güwä geçýän subutnamalara üns çekdiler, ýöne Nýu-Ýorkuň häkimi we beýleki resmiler onuň Yslam döwleti ekstremist toparyndan täsirlenen “ýalňyz möjek” hüjümini amala aşyrandygyny aýdýarlar.

Kazyýetiň kagyzlarynda agzalýan özbek immigranty öz telefonynda “Yslam döwleti” toparynyň tussaglary ganhorçulykly öldürýän şekillerini görkezýän propaganda suratlary we wideolary saklandygy aýdylýar.

Suduň dokumentlerinde FBI-iň agenti Taýri (Tyree) hassahanada sorag edilen Saipowyň telefon arkaly tomaşa eden “Yslam döwletiniň” wideolaryndan ruhlanandygyny we onuň hüjümi mundan bir ýyl ozal meýilleşdirip başlandygyny aýdandygy agzalýar.

Soňky ýyllarda “YD-nyň” internet arkaly ýaýradýan maglumatlarynda, öz adamlaryna ýaşaýan ýurtlarynda adamlary öldürmek üçin ulag, pyçak ýa-da el-ýüzdäki başga gurallary ulanmak tabşyrylýar.

2016-njy ýylyň ikinji ýarymyndan bäri şeýle gyrgynçylykly ulagly hüjümler Angliýada, Fransiýada, Şwesiýada, Ispaniýada we Germaniýada amala aşyryldy. Şu hüjümleriň tas ählisiniň arkasynda “YD-nyň” durandygyny polisiýa gulluklary habar berdi.

Saipowyň tanyşlary AÝ/AR-a beren gürrüňlerinde, onuň 2010-njy ýylda Özbegistany terk edip, Birleşen Ştatlaryna göçüp gelmeginden soňra radikallaşan bolmagynyň ahmaldygyny aýdýarlar.

“Yslam döwleti” ekstremist topary Saipowa eýe çykyp, onuň yslamyň ekstremist ugrunyň yzarlaýjysydygyny aýdan bolsa-da, agzalýan topar Nýu-Ýork hüjüminde gönüden-göni özüniň jogapkärdigini görkezýän subutnama hödürlemedi. Mundan öňki hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alanynda, “YD” mydama subutnama görkezmän duranokdy.

Aňtaw resmileri bu ýyl Yrakda we Siriýada gözegçilik edýän territoriýalaryndan gysga wagtyň içinde mahrum bolup barýan “YD” daşary ýurtlarda hüjümleriň gurnalmagyna we olaryň hemaýat edilmegine üns berip başlady diýýär.

SITE-niň aňtawçylary “YD-yň” “al-Naba” gazetinde çap edilen makalada “Allanyň keremi bilen, bu operasiýa Amerikadaky haçly ýörişine gatnaşyjylary gorkuzdy we munuň netijesinde olar howpsuzlyk çärelerini güýçlendirip, Amerika göçüp barýan immigrantlara garşy çäreleri pugtalandyrdylar” diýilýändigini habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG