Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň we Täjigistanyň prezidentleri strategiki partnýorlyk hakynda ylalaşyk baglaşdylar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç) we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç) we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon ýurtlaryň strategiki partnýorlygy hakynda ylalaşyk baglaşdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2-nji noýabrda Duşenbä saparynyň dowamynda gol çekilen ondan gowrak dokumenti, ýurtlaryň özara söwda-ykdysady, bilim, oba hojalygy, gurluşyk ýaly pudaklaryna degişli boldy.

Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynyň aralygynda ýurtlaryň haryt dolanyşygynyň möçberiniň 32 million amerikan dollaryna barabar bolandygy resmi maglumatlarda habar berildi.

Duşenbedäki gepleşiklerde taraplar iki ýurduň gatnaşmagynda amala aşyrylýan Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan (TOT) demir ýolunyň gurluşygynyň ähmiýetini nygtadylar.

2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistan demir ýoluň öz giňişliginden geçýän uzynlygy 85 kilometrlik ýoluň gurluşygyna öz hasabyna başlap, 2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Owganystanyň serhedinde demir ýoluň birinji tapgyry açypdy. Şondan bäri demir ýoluň Owganystanyň we Täjigistanyň üstünden geçjek bölekleriniň gurluşygyna degişli indiki planlar mälim edilmedi.

XS
SM
MD
LG